Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

YHLASA — MYRAT

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ulgamyny ösdürmek, özgertmek, ekinleriň tohumynyň hilini gowulandyrmak, ýokary hasyl almak baradaky görkezmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Tagtabazar etrabynyň “Ýaşlyk” daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri hem oba hojalyk işlerini utgaşykly alyp barýarlar. Hojalygyň ekerançylary dowamly ýyllardan bäri bereketli, keremli topraga öndümli tohum sepip, gazanylýan netijelere buýsanyp işleýärler. Çünki ýer eýeleri gowy sortly, gögerijiligi oňat bolan ýokary arkaly tohumdan ýerlikli peýdalanýarlar.

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda hem daýhan birleşigi boýunça 1100 gektar meýdanda ak ekiniň kadaly gürlügi, ýokary ösüşi gazanyldy. Her bir işi utgaşykly we öz wagtynda ýerine ýetirýän kärendeçi gallaçylar ak ekini goşmaça iýmitlendirdiler. Bereketli topraga gelşik berýän bugdaýyň köpçülikleýin baş çykaryp başlandygyna göz ýetiren kärendeçi gallaçylar ekinleri azot dökünleri bilen iýmitlendirip, suw tutmak işlerini utgaşykly guraýarlar. Guramaçylykly idegiň netijesinde hoşalaryň sagdynlygyndan, däneleriň dykyzlygyndan göwünleri hoş daýhanlar buýsanyp işleýärler. Her bir iş gününi edermençilikli geçirýän daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň 618-si hem ynamly işleýär, olaryň arasynda guralan ýaryş giňden ýaýbaňlanýar.

Iş sapary bilen galla meýdanyna baranymyzda, işiň gyzgalaňly gidýändigini gördük. Hojalygyň altynjy toparynyň hasyla duran bugdaýly meýdanynda topar ýolbaşçysy Babageldi Ahmedow, toparyň kärendeçi gallaçysy Töremyrat Işangeldiýew, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Ýazdurdy Abdyrahmanow, daýhan birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramaçysynyň başlygy Agamyrat Işangeldiýew bugdaýyň köpçülikleýin baş çykaran günlerinde ak ekinleriň azot dökünleri bilen iýmitlendirilişini, suw tutulyşyny gözden geçirdiler.

Hawa, “Yhlasa — myrat” diýleni. Dökünem, suwam, idegem ýetirilen ekinler bolsa köpçülikleýin hasyla durup başlady.

 

Çary AMANGELDIÝEW, “Maru — şahu jahan”.

SURATDA: daýhan birleşiginiň 6-njy toparynyň bugdaýly meýdanynda. Surata düşüren awtor.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.