Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GYMMATLY BAÝLYK

Bahar paslynyň gelmegi bilen tebigat janlanýar. Pasyllaryň çalyşýan döwründe biziň her birimiz saglygymyz barada aladalanmalydyrys, çünki saglyk üçin hemmämiz bilelikde göreşmelidiris. Şu jähtden ugur alyp, şu günler Saýat şäher arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň, şäher hassahanasynyň lukmanlary edara-kärhanalarda, mekdeplerde, çagalar baglarynda möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýärler. Lukmanlar tarapyndan geçirilýän wagyz-ündew duşuşyklary adamlar üçin uly ähmiýetlidir. Gahryman Arkadagymyzyň lukmanlara bildirýän ilkinji talaplarynyň biri hem halkyň arasynda bolup, saglyk bilen bagly maslahatlary bermäge, saglygy dikeltmäge we ony goramaga, her bir keseliň öňüni almaga gönükdirilen degerli maslahatlary bermekden ybaratdyr. Wagyz-nesihat duşuşyklarynda möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almakda, olary bejermekde, berilýän köpsanly sowallara jogap bermekde lukmanlar Gahryman Arkadagymyzyň lukmançylyk ylmyna bagyşlanan dürdäne eserlerine esaslanýarlar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli eseri her birimiz üçin gymmatly gollanmalaryň biri boldy. Biziň her birimiz üzärligiň, sarymsagyň, burçuň, der manlyk ösümlikleriň, gök we bakja önümleriniň bejeriji täsirini öwrensek, möwsümleýin ýiti respirator ýokanç kesellerden goranmagy, onuň öňüni almagy başararys. Şonuň ýaly-da, şahsy arassaçylyk kadalaryny doly we dogry ýerine ýetirsek, kada laýyk dogry iýmitlensek, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etsek, öz saglygymyzy goradygymyzdyr.

 

Arzuw SAPAROWA, TKA-nyň Saýat etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.