Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

KONSTITUSION ÖZGERTMELERIŇ ÝOLUNDA

Ahal welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasynda beýan edilýän kadalaryň many-mazmunyny wagyz-nesihat etmek, düşündirmek maksady bilen maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilen maslahaty Ahal welaýat häkimligi, Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Baş prokuraturasy, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, Türkmenistanyň Adalat ministrligi, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy bilelikde gurady. Oňa dürli pudaklaryň hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we beýleki myhmanlar gatnaşdy.

Maslahaty Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygy Baýramsoltan Myradowa açyp, ol ýygnananlary şanly sene — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlady hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň uly dabaralara beslenjek ýylynda ýurdumyzy gurşap alan ösüşdir özgertmeler, durmuşyň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler barada gürrüň berdi, şeýle-de ol ata Watanymyzda amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň ähmiýetine ünsi çekdi. Onuň belleýşi ýaly, konstitusion özgertmeler milli kanunçylygymyzy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ýolunda örän ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy wakadyr. “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynda ýurdumyzda giň gerim alan konstitusion özgertmelere jemgyýetçiligiň işjeň goşulmagy has-da guwandyrýar.

Maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Aýşat Göjenowa, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Maglumatlar merkeziniň uly maslahatçysy Hajarbibi Handurdyýewa, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Kanunçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni Mahym Allanazarowa, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Hukuk üpjünçilik bölüminiň başlygy Didar Durdyýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň wekili Durdymyrat Ataýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Seýitmet Baýamow dagynyň çykyşlarynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasynda beýan edilýän kadalaryň üstünde giňişleýin durlup geçildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, geçen ýylyň güýzünde paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda konstitusion özgertmelere badalga berildi. Hormatly Prezidentimiziň konstitusion özgertmeler baradaky başlangyjy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde Kanunyň rüstemliginiň berkidilmegi, ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagy üçin ygtybarly esas bolup durýar. Geçen döwrüň içinde ýurdumyzyň degişli ministrliklerinden, pudak we ylmy edaralaryndan, ýokary okuw mekdeplerinden, jemgyýetçilik birleşiklerinden hem-de raýatlaryndan gelip gowşan teklipleri hasaba almak arkaly «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenis tanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasy taýýarlanyldy hem-de kabul edildi. Onda Milli Parlamentimizi umumy görnüşde Türkmenistanyň Milli Geňeşi, onuň kanun çykaryjy palatasyny Mejlis, wekilçilikli palatasyny bolsa Halk Maslahaty diýip atlandyrmak teklip edilýär hem-de wekilçilik palatasyna agzalary saýlamagyň aýratynlyklary, ygtyýarlyklarynyň sanawyna girýän kadalar aýdyň görkezilýär.

Maslahatda Esasy Kanunymyza üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň ýanynda hereket edýän Iş toparynyň «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasy boýunça gelip gowuşýan teklipleri öwrenmegini dowam edýändigini, bu işe işjeň gatnaşmagyň möhümdigi barada aýratyn bellenilip geçildi. Çykyş edenleriň aýdyşy ýaly, bu ugurda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň döwlet gurluşyny has-da kämilleşdirmäge, raýatlarymyzyň ýurdumyzyň kanun çykaryjy wekilçilikli edaralarynyň işine giňden gatnaşmagyna, jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini goramaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Işjeň häsiýetde geçen maslahata gatnaşyjylar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň milli mirasyna mahsus bolan asylly däp-dessurlarymyza, ynsanperwer ahlak ýörelgelerine uly ähmiýet berýändigi, milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmekde bimöçber tagalla edýändigi üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Aýdo ŞEKEROW, ýörite habarçymyz

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.