Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DEMOKRATIK ÝÖRELGELER PUGTALANDYRYLÝAR

Ýurdumyzda höküm sürýän durmuş-syýasy durnuklylyk şertlerinde döwlet hem-de demokratik meýillere ygrarly raýat jemgyýetiniň hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi güýçli depginde dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň döwlet häkimiýet we milli kanun çykaryjy edaralaryň işini kämilleşdirmek, Esasy Kanunymyzy döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, iki palataly ulgama geçmek babatda öňe süren teklipleri syýasy-hukuk özgertmeleriniň täze tapgyrynyň emele gelýändiginiň, milli demokratiýanyň has-da ýaýbaňlanýandygynyň, raýat jemgyýetiniň berkarar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Teklip edilýän kadalaryň döwrebapdygyny geçirilýän ylmy seljermeler doly tassyklaýar. Şonuň bilen birlikde, göz öňünde tutulýan özgertmeler döwlet häkimiýetiniň halk bilen mizemez jebisligini alamatlandyryp, hukuk döwletiniň häzirki zaman tejribesine doly gabat gelýär.

Hor­mat­ly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, dünýäde ykdysady we syýasy ýagdaýlaryň üýtgemegi bilen baglylykda, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, şol sanda wekilçilikli edaralaryň işini yzygiderli kämilleşdirmek zerurlygy ýüze çykýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşiniň esasy taraplarynyň we ileri tutulýan ugurlarynyň adamzadyň ösüşinde gazanylan örän gowy üstünliklerdir öň­debaryjy halkara tejribeler bilen sazlaşykly döwletimiziň Esasy Kanunynda öz beýanyny tapmalydygyny döwlet Baştutanymyz öz çykyşlarynda nygtaýar. Ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işini kämilleşdirmekde bütin dünýäde toplanan tejribäniň milli kanunçylygymyza ornaşdyrylmagynyň kämil kanunçylyk ulgamyny kemala getirmekde we berkitmekde ähmiýetiniň uly boljakdygy gürrüň­sizdir. Bu ugurda amala aşyrylýan işler hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan milli hukuk ulgamymyzy kämilleşdirmegiň strategik meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň möhüm tapgyrlaryny özünde jemleýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, ýurdumyzda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmaga, döwleti dolandyrmagyň demokratik ýörelgelerini mundan beýläk hem kämilleşdirmäge ýardam etjek konstitusion özgertmeleri amala aşyrmak babatda giň möçberli işler ýaýbaň­landyryldy. Jemgyýetçilik we döwlet durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak üçin zerur şertleri döretmek boýunça wezipeler göz öňünde tutulyp döredilen Konstitusion toparyň üçünji mejlisinde konstitusion özgertmeleriň kuwwatly döwlet gurmak ýolunda mähriban halkymyza doly derejede gulluk etmäge ukyply bolan häkimiýet edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegine gönükdirilendigini bütin aýdyň­lygy bilen görkezdi.

Ýurdumyzda döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasynyň hil taýdan täze, iki palataly ulgama geçmegi bu edarany giň borçlary we ygtyýarlyklary bolan umumymilli wekilçilikli edara öwürmäge mümkinçilik döreder. Göz öňünde tutulýan konstitusion özgertmeler ýurdumyzyň kanun çykaryjy täze edarasynyň işini has gowy guramaga, Parlamentiň ornuny ýokarlandyrmaga we ygtyýarlyklaryny gi­ňeltmäge ýardam bermek bilen, jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik etmäge, döwrüň öňe çykarýan derwaýys meselelerini netijeli çözmäge, deputatlaryň saýlawçylar bilen has ykjam gatnaşyklary ösdürmegine oňaýly şert döreder. Munuň özi türkmen döwletiniň dünýäniň demokratik taýdan ösen döwletleriniň hatarynda öz eýeleýän mynasyp ornunyň berkidilmegine, ykdysady ösüşiň has-da ýokary depginleriniň üpjün edilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna oňyn täsirini ýetirer.

Şu ýylyň 7-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň deputatlar düzümi bilen duşuşygynda halkyň saýlan wekilleriniň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de kanun çykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlendi. Döwlet Baştutanymyzyň bu taryhy duşuşygy Mejlisiň deputatlary üçin ýatdan çykmajak waka boldy. Duşuşykda ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary, şeýle hem halkara derejede öňe sürlen başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirmegiň täze ýollaryny we usullaryny işläp taýýarlamak babatda gaýragoýulmasyz wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu jogapkärli işlerde deputatlaryň öňünde durýan wezipeler kesgitlendi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ylym, syýasy-jemgyýetçilik ulgamlary bilen birlikde, Mejlisiň deputatlarynyň öňünde konstitusion özgertmeleriň ähmiýetini jemgyýetçilige gi­ňişleýin düşündirmek, Halk Maslahatynyň hukuk derejesiniň, onuň wezipeleriniň we borçlarynyň hemmeler üçin aýdyň bolmagyny gazanmak ýaly täze jogapkärli wezipeleri goýdy. Ýurdumyzyň Esasy Kanunyna üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak, welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde degişli işleri alyp barmak deputatlaryň paýyna düşýär. Ýurdumyzyň Esasy Kanunyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, iki palataly Parlamentiň işlemegine esas boljak kanunçylyk binýadyny döretmekde, milli Parlamentiň düzümini kämilleşdirmek babatda beýan ediljek teklipleri we isleg-arzuwlary içgin öwrenip, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna giriziljek özgertmeleriň ähmiýeti barada saýlawçylaryň arasynda düşündiriş işlerini giň­den ýaýbaň­landyrmak baş maksat edilip goýuldy.

Ähli derejelerde geçirilýän duşuşyklarda we söhbetdeşliklerde ýurtda kanun çykaryjy häkimiýetiň hil taýdan täze derejä çykarmak baradaky teklipler goldanylýar. Hormatly Prezidentimiziň kanun çykaryjy edaranyň bitewi ulgamyna Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hem-de Mejlisini girizmek, Milli Parlamenti Milli Ge­ňeş diýip, onuň kanun çykaryjy palatasyny — Mejlis, wekilçilikli palatasyny bolsa — Halk Maslahaty diýip atlandyrmak hakyndaky başlangyçlary halkymyzyň gyzgyn goldawyna eýe boldy.

Bedew bady bilen öňe barýan berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň hukuk binýadyny berkidýän milli Liderimiziň janynyň sag bolmagyny, başyny başlan konstitusion özgertmeleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

 

Aşyrdurdy ALLAÝEW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.