Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

AJAÝYP SAZLAŞYK

Türkmenistanyň At gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik sungaty gözel paýtagtymyzy dünýäniň okgunly ösýän şäherleriniň birine öwürdi. Hormatly Prezidentimiz şäherde seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine, paýtagtymyzyň ähli çäkleriniň bagy-bossanlyga bürelmegine, şol bir wagtyň özünde amatly dynç alyş üçin ýokary derejeli şertleriň üpjün edilmegine, gurluşyk işleriniň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak bilen alnyp barylmagyna möhüm ähmiýet berýär, hä­zir­ki za­man in­že­ner­çi­lik-teh­ni­ki des­ga­la­ryň ýer­leş­di­ri­liş ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gelmelidigini nygtaýar.

Bu işleriň baş maksady Aşgabadyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegini, onda şäher ilatynyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýar. Munuň özi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde çagalar hem-de uly ýaşly adamlar üçin zerur bolan dynç alyş şertleriniň döredilmeginiň wajypdygyny belleýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda birnäçe döwrebap suw howdanlary, ýüzüş howuzlary hem-de suw toplumlary bar.

Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän Olimpiýa suw toplumynda häzirki wagtda Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin suw sport görnüşleri bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikler döredildi. Bu toplum halkara ölçegleriniň ýokary talaplaryna laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa serişdelerden taýýarlanan häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda bina edilen, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Paýtagtymyzda gurulýan desgalar Aşgabadyň gözelligine görk goşup, ony dünýä derejesindäki işewürlik merkezine öwürýär. Häzirki wagtda şäherimizde «Garagum» myhmanhanasynyň, oňa ýanaşyk ýerde daşary ýurt dil­le­ri­ne ýö­ri­te­leş­di­ri­len 720 orun­lyk or­ta mek­de­biň, 320 orun­lyk daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen çagalar bagynyň, fitnes we döredijilik merkeziniň binalarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Paýtagtymyzyň günortasynda işewürlik düzümi kemala gelýär. Bu ýerde Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumy, Arkadag myhmanhanasy, Türkmenbaşy döwlet täjirçilik bankynyň edara binasy, «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň edara binasy, Hökümet münberiniň binasy, Kabul ediş merkeziniň binasy hem-de Welosiped binasy gurulýar. Şäheriň bu künjeginde ýakyn geljekde peýda boljak döwrebap desgalar paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirer we Aşgabadyň görküne görk goşar. Aşgabadyň bu künjegi soňky ýyllarda şäheriň çalt depginlerde özgerýän ýerine öwrüldi. Täze gurulýan binalar Köpetdagyň keşbi hem-de bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşýar.

Bu ajaýyp gurluşyklar mähriban Arkadagymyzyň paýhasy bilen işlenilip taýýarlanylýan şähergurluşyk maksatnamasy esasynda amala aşyrylýar. Şol sebäp­li olar ak şä­he­ri­miz — Aş­ga­ba­dyň gö­zel­lik aý­dy­my­na tä­ze aý­dy­lan gö­zel beýtler bolup goşulyp, bu aýdyma maýyl ynsanlaryň ýüregine mylaýymlyk, ýakymlylyk şuglasyny çaýýar.

 

Baba MYRATBERDIÝEW, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.