Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BITARAP DÖWLETIŇ BAGTYÝAR MAŞGALALARY

Balkanabat şäherindäki «Nebitçi» myhmanhanasynyň giň meýdançasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «Bitarap döwletiň bagtyýar maşgalalary» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň açylyş dabarasynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazlaryna, folklor we tans toparlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Olaryň uly joşgun bilen ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda, tanslarynda, küştdepdidir gazallarynda Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren ajaýyp zamanasynyň, döwrümiziň beýik ösüş-özgerişleriniň waspy belentden ýetirildi. Giň meýdançada, haly düşelen telärlerde ýaýbaňlandyrylan muzeý gymmatlyklaryndan, amaly-haşam, zergärçilik, haly we haly önümlerinden ybarat sergi bu ýere gelenlerde aýratyn gyzyklanma döretdi.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bolelin, eşretli durmuşda ýaşaýan bagtly maşgalalaryň arasynda geçirilen bäsleşige etrap-şäherlerde ýeňiji bolan maşgalalar gatnaşdylar. Olar ýurdumyzy ösdürmegiň kabul edilen maksatnamalarynyň öz etrap-şäherlerinde, obalarynda amala aşyrylyşyny, Watanymyzyň ýeten belent sepgitleriniň maşgala mukaddesligini berkitmekde tutýan ornuny, ene-mamalarymyzdan gelýän däp-dessurlara eýerýän, öýüň ody bilen girip, küli bilen çykýan, gaýynenesiniň görüm-göreldesine eýerip, geljekde onuň ornuny tutup biljek zenanyň ýürek buýsançlaryny, şeýle-de ene bilen gyzyň arasyndaky gatnaşyklary öz maşgala durmuşlarynyň üsti bilen beýan etdiler. Bäsleşigiň «Sagdyn maşgala—sagdyn jemgyýetiň binýady» diýlip atlandyrylan şertinde maşgalalar berlen wagtyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyndan peýdalanyp, maşgalada ulanmak üçin melhem taýýarladylar. Taýýarlanan melhemiň döreýşi, peýdasy baradaky rowaýaty gürrüň berdiler. Bäsleşigiň jemleýji şertinde Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň üstünlikli amala aşyrylýan döwrüniň hözirini görüp ýaşaýan maşgalalar ata-babalarymyzyň Watana, maşgala ojagyna wepalylyk, halal zähmet ýaly ýörelgeleriniň ösdürilmegini wagyz edip, öz maşgalasynda bolup geçen şatlykly wakany sahnalaşdyrdylar.

Gyzykly hem-de täsirli geçen bäsleşigiň jemi jemlenilende, Türkmenbaşy şäheriniň bagtyýar maşgalasy birinji orna mynasyp bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Serdar şäherinden gelen maşgala ikinji, Balkanabat şäherinden gatnaşan maşgala üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere we bäsleşige gatnaşan maşgalalara sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Nabat Täzemyradowa.

Surata düşüren Andreý Pa­kulow, «Balkan».

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.