Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TANS FESTIWALY GEÇIRILDI

«Türkmenistan—Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň medeniýeti we sungaty yzygiderli ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek, tans toparlarynyň işini kämilleşdirmek, tanslaryň many-mazmun hem-de çeperçilik taýdan ýokary derejede sahnalaşdyrylmagyny gazanmak, milli, döwrebap hem-de daşary ýurt tans sungaty bilen halk köpçüligini ýakyndan tanyşdyrmak, ýaş sungat ussatlaryny ýüze çykarmak, olary höweslendirmek maksady bilen Serdar etrabynyň Janahyr şäherçe medeniýet öýünde etrap medeniýet bölüminiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «Parahatlyk ýolumyz» atly tans festiwaly geçirildi. Oňa gatnaşan tans toparlary milli hem-de wakaly tans eserlerini, şeýle-de daşary ýurtlaryň milli tanslaryny ýerine ýetirmekde bäsleşdiler. Emin agzalary tans toparlarynyň sahna medeniýetine, daşary ýurtlaryň tans eserleriniň mazmunyna, saýlap alan lybaslaryna, saz we tehniki serişdeleri ussatlyk bilen ulanyşyna baha berdiler.

Netijede, etrap medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň «Şelpeler», Janahyr şäherçe medeniýet öýüniň «Lälezar», Purnuwar oba medeniýet öýüniň «Meňlije» tans toparlary öňe saýlanyp, tans festiwalynyň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

 

Aýbölek Baý­mäm­me­dowa, Serdar etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.