Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SAGDYN DURMUŞ — YNSAN ÖMRÜNIŇ BEZEGI

Ýakynda Ýolöten etrabynyň Momataý medeniýet öýünde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, TDP-niň etrap komitetiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň we işjeň agzalarynyň, şeýle hem etrap hassahananyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Sagdyn durmuş — ynsan ömrüniň bezegi» atly maslahat geçirildi.

Maslahatyň başynda TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Kakageldi Gurbanow, etrap hassahanasynyň narkolog lukmany, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maýagözel Hümmedowa, TKAnyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow, etrabyň ymamy Ahmet Çaryýew hem-de etrabyň Agzybirlik geňeşliginiň ýaşaýjysy Narmeňli Allakowa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Konstitusiýamyza üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada giňişleýin durup geçdiler. Soňra maslahatyň dowamynda sagdyn durmuş ýörelgesini we arassaçylygy wagyz etmek, ýokanç kesellere garşy göreşmek barada hem-de edep-ekram, nesil terbiýesi, däp-dessurlarymyz we gelin-gyzlaryň arasynda ahlak arassalygy barada durlup geçildi. Çäräniň ahyrynda döwletimizi gülledip ösdürmekde alyp barýan işleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagy arzuw edildi.

 

Ş. GURBANOWA.

SURATLARDA: maslahatdan pursatlar. Suratlary düşüren Azym ŞEKEROW.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.