Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ŞU GÜNÜŇ DERWAÝYS MESELESI

Golaýda etrabymyzdaky 38-nji orta mekdepde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Etrap häkimliginiň TDP-niň etrap komiteti, TMÝG-niň etrap geňeşi, TKA-nyň etrap birleşmesi, TAP-nyň etrap komiteti bilen bilelikde guran bu maslahatyna 38-nji orta mekdebiň mugallymlary we okuwçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Möhüm meselelere bagyşlanan bu maslahatda etrap häkimliginiň hünärmeni Ýunusguly Annaýew, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Babajan Gurbanow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Ýeňiş Nurmyradow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bölüm müdiri Nagmat Abdyýew, TAP-nyň etrap komitetiniň hünärmeni Şatlyk Öwezow çykyş etdiler.

Maslahatda çykyş edenler ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini, arassaçylygy wagyz-nesihat etmegiň wajypdygyny bellediler. Ýokanç kesellere garşy öňüni alyş çärelerini şu günüň talabyna laýyk alyp barmagyň wezipeleri barada jikme-jik durup geçdiler. Şeýle hem ýaş nesliň arasynda nesil we edep terbiýesi bilen bagly öwütündew çäreleri, ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan konstitusion özgertmeleriň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdiler.

 

Muhammetmyrat SUWHANOW. TMÝG-niň Wekilbazar etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.