Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BASKETBOLÇYLAR BÄSLEŞDILER

Ýakynda Akdepe etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň uly zalynda 2002 — 2003-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda sportuň basketbol görnüşi boýunça etrabyň birinjiligini eýelemek ugrunda ýaryş guraldy. Ýaryşyň guramaçylary bolup etrap sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen 1,2,3-nji sport mekdepleri çykyş etdiler.

Üç günläp dowam eden ýaryşlarda has ökdeler öňe saýlandy. Eminleriň gelen netijeleri boýunça 1-nji orna 1-nji orta mekdebiň, 2-nji orna 42-nji orta mekdebiň, 3-nji orna 4-nji orta mekdebiň woleýbolçylar toparlary mynasyp görüldi.

Ýaryşyň ýeňijilerine etrabyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň Hormat hatlary, TDP-niň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň ýörite taýýarlan sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Ahmet NURYÝEW, Akdepe etrabyndaky 1-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň gözükdiriji usulyýetçisi

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.