Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

WOLEÝBOL BOÝUNÇA ÝARYŞ

Welaýat Baş bilim müdirliginiň, “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz şäher bölüminiň, ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň guramaklarynda Daşoguz şäheriniň orta mekdepleriniň okuwçy oglanlarynyň we gyzlarynyň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça şäheriň birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi. Okuwçy oglanlaryň arasyndaky ýaryş Daşoguz şäherindäki 8-nji orta mekdebiň sport eýwanynda geçirildi.

Ýokary taýýarlyk ýagdaýynda gyzykly geçen bäsleşikde şäherdäki 15-nji orta mekdebiň woleýbolçy oglanlary Dilşad Aýtbaýew, Hursant Kuljanow, Maksat Jumamuradow, Atajan Jumaniýazow dagy özleriniň erjelligi hem-de çalasynlygy bilen has-da tapawutlandylar. Şeýlelikde, bu topar ähli bäsdeşlerinden üstün çykyp, birinji ýeri eýeledi. Ikinji ýeri şäheriň 2-nji orta mekdebiniň, üçünji ýeri hem 14-nji orta mekdebiň woleýbolçylar toparlary eýelemegi başardylar.

Ýaryş gyzlaryň arasynda hem örän gyzykly geçdi. Ol Daşoguz şäherindäki 7-nji orta mekdebiň sport eýwanynda geçirildi. Onda birinji ýeri şäheriň 7-nji orta mekdebiniň, ikinji ýeri 15-nji orta mekdebiň, üçünji ýeri 16-njy orta mekdebiň woleýbolçy gyzlary eýelemegi başardylar.

Ýaryşyň ahyrynda ýeňijiler “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz şäher bölüminiň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

 

Altynjemal SAPAROWA, Daşoguz şäheriniň «Garaşsyzlyk» sport desgasynyň işgärler boýunça hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.