Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ZEHINLI AÝDYMÇYLAR SAÝLANDYLAR

Müňýyllyklardan geçip gelen milli medeniýetimizi, dünýä dolan çeper sungatymyzy ynsan kalbyna deňeýän hormatly Prezidentimiz bu ugruň ösmegine, barha pajarlap kämilleşmegine döwlet derejesinde dowamly üns berýär. Eziz Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda indi ençeme ýyllardan bäri üstünlikli we ýokary taýýarlykly geçirilip gelinýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi hem şol üns-aladalaryň aýdyň nyşanydyr. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda-da bu bäsleşigiň etrap, şäher tapgyrlary jadyly aýdym-saz sungatynyň täzeden rowaçlanmasy hökmünde golaýda üstünlikli geçirildi.

Bäsleşigiň Daşoguz şäher tapgyry şäheriň Ýaşlar merkezinde uly şowhuna beslenip geçirildi.

«Ýaňlan, Diýarym!» — 2020 atly bu bäsleşigiň şäher tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan on aýdymçynyň arasynda ýaňlanan şirin aýdymlar, çalynan sazlar bir-birinden belent ýaňlandy. Zaly dolduryp oturan tomaşaçylaryň ýerine ýetirilen çykyşlaryň her birini şowhunly çapak çarpyşmalar bilen garşylamagy ýaş zehinleriň göwünlerini göterip, üstünlige bolan ynamyny artdyrdy.

Ýörite düzülen eminler toparynyň gelen netijelerine görä, tapawutlanan aýdymçylar — Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Didar Orazdurdyýew, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby Selbi Jepbarowa, Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň höwesjeň aýdymçysy Begzad Ýuldaşýew we Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby Şadurdy Jumaýew dagy bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Mähriban Watanymyzyň, eziz Arkadagymyzyň, bagtyýarlyk döwrümiziň, agzybir halkymyzyň waspyny belentden ýetiren aýdymçylaryň ählisine Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň we TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň Hormat hatlary hem-de TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Bally SEÝITBERDIÝEW, «Daşoguz habarlary».

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.