Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ROWAÇLYKLARA BESLENÝÄN ÖZGERTMELER

Şu günler «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy halk köpçüligi tarapyndan giňden ara alnyp maslahatlaşylýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan şeýle möhüm syýasy wakanyň ähmiýeti hakynda geçirilýän maslahatlar, wagyz-nesihat işleri öz netijelerini berýär.

Ýakynda Daşoguz welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde podpolkownik Magtymguly Magtymgulyýewiň ýolbaşçylygynda harby gullukçylarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Alp Arslan adyndaky harby mekdebiniň başlygynyň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, maýor Toýly Gaýypow, döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Bibigül Amanowa we beýlekiler çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny döwrebap derejede kämilleşdirmek barada beren gymmatly tekliplerinden gelip çykýan wezipeler hemde konstitusion özgertmeleriň täze tapgyry hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy we asylly zähmet çekmegi üçin ähli şertleri hem mümkinçilikleri döredip berýän, mähriban Watanymyzy günsaýyn gülledip ösdürýän hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny bildirdiler.

 

Allanur PALTABAÝEW, Daşoguz welaýat harby prokuraturasynyň uly sülçüsi, 2-nji derejeli ýurist.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.