Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

NUSGALYK ÖMÜR

Biz öz döwründe ýurdumyzyň dokma senagatynyň ösmegine saldamly goşant goşan, halypa dokmaçy, zähmet weterany Ene Öwezowanyň döwletli maşgalasynda myhmançylykda bolduk. Şonda ol bizi mähir bilen garşylap, durmuş we zähmet ýoly barada gyzykly gürrüň berdi.

Ene Öwezowa 1934-nji ýylda dünýä inýär. Ol 1949-njy ýylda şol wagt Aşgabatda ýerleşen F.E.Dzer­žins­kiý adyn­da­ky nah mata kombinatyna, häzirki S.A.Nyýazow adyndaky nah mata toplumyna işe gelýär. Ejesi Altyn daýzanyň, kakasy Mälikguly aganyň işleýän kombinatynyň zähmetsöýer adamlary ony mähir bilen garşylaýarlar. Ol ilki şägirt — öwreniji bolup, bir dokma gurnaga erk edýär. Dokma işiniň inçe syrlaryny içgin özleşdirensoň, ýeke özi alty, on alty, ýigrimi ýedi, otuz ýedi gurnagy doly güýjünde işletmegi başarýar. Ýaş hünärmeniň gazanan zähmet üstünlikleri köpler üçin görelde bolýar. Şol ýyl­lar ol ba­ra­da ga­zet-žur­nal­lar­da makalalar ýazylýar.

1960-njy ýylda tejribeli dokmaçy Ene Öwezowa Sosialistik Zähmetiň Gahrymany diýen belent ada mynasyp bolýar. 26 ýaşly türkmen dokmaçysynyň şeýle belent ada mynasyp bolmagy daşary ýurtly dokmaçylarda hem uly gyzyklanma döredýär. Ol Hindistana bolan iş saparynyň dowamynda Hindistanyň ozalky Premýer-ministri Indira Gandi bilen duşuşýar. Çehoslawakiýada geçirilen kärdeşler arkalaşyklarynyň Bütindünýä kongresine dünýäde ilkinji zenan kosmonawt, Sowet Soýuzynyň Gahrymany Walentina Tereşkowa bilen bile gatnaşýar.

Ene Öwezowa biregne 54 ýyllap şol bir dokma toplumynda zähmet çekýär. 1984-nji ýylda hormatly dynç alşa çyksa-da, zähmet çeken dokma toplumy bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar. Mahal-mahal iş ýerine baryp, öz kärdeşleriniň hem-de şägirtleriniň gündelik iş aladalary bilen gyzyklanýar. Uzak ýyllar bile işleşen kärdeşleri we tälim beren şägirtleri bilen söhbetdeş bolan mahaly öz ýaşyndan has-da ýigdelen ýaly bolýar. Ol işde köplere halypa, döwletli maşgalasynda agtyklaryna, çowluklaryna mähriban ene.

Ene Öwezowa uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti hem-de ýurdumyzyň dokma senagatynyň ösmegine goşan saldamly goşandy üçin «Gaýrat», «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medallar bilen sylaglandy. Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň dokma senagatynyň ýeten belent sepgitlerine guwanýar. Bu bagtly enäniň nusgalyk ýol-ýörelgeleri biziň üçin göreldedir.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.