Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

OKUWÇYLAR ÝARYŞDY

Babadaýhan etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň sport zalynda woleýbol ýaryşy geçirildi. Etrap bilim bölüminiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşa etrapdaky orta mekdepleriň 14-sinden toparlar gatnaşdy.

“Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylyna bagyşlanan ýaryşyň esasy maksady ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegini gazanmakdan, sport ussatlygyny ýokarlandyrmakdan hem-de güýçli woleýbol toparlaryny ýüze çykarmakdan ybarat boldy. Sport zalyna ýygnananlar gyzykly we çekeleşikli duşuşyklara janköýerlik etdiler. Şol duşuşyklar ýaşlaryň sportda barha taplanýandygyny aýdyň ýüze çykardy.

Woleýbol duşuşyklarynyň netijesinde etrapdaky 3-nji orta mekdebiň topary birinji, 2-nji orta mekdebiň topary ikinji, 17-nji orta mekdebiň topary üçünji orunlary eýeläp, ýaryşy guraýjylaryň ýadygärlik sowgatlaryna mynasyp boldular.

 

Arzygül NEPESOWA, Ylym we bi­lim iş­gär­le­ri­niň kärdeşler arkalaşygynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň işgäri.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.