Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BITARAP ÝURDUMYZDA ZÄHMET JOŞGUNY

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyna bagyşlap tassyklan meýilnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen «Zähmet joşýar Arkadagyň Bitarap ýurdunda» atly sergi guraldy. Balkanabat şäherindäki «Nebitçi» myhmanhanasynyň giň howlusynda guralan sergä welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden el işlerini, amaly-haşam sungatyny dowam etdirýän zenanlar, zergärler, hojalyk esbaplaryny, aşhana enjamlaryny ýasaýan agaç ussalary, ekerançylyk, bagçylyk, maldarçylyk tejribesi bolan, öz hünärine sarpa goýýan ussatlar gatnaşdylar. «Arkadagly hemişelik Bitarap ýurduň buýsançly zenanlary» atly maslahatyň çäklerinde guralan sergi özboluşlylygy bilen tapawutlandy.

Serginiň açylyş dabarasyna gatnaşan medeniýet, bilim, nebitgaz, oba hojalyk ulgamlarynyň işgärleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan adalatly syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginde uly meşhurlyga eýe bolýandygy, asuda asmanymyz, abadan durmuşymyz barada buýsançly gürrüň etdiler. Agzybir halkymyz ähli ugurlarda uly sepgitlere eýe bolýar. Ösüş-özgerişler sazlaşykly alnyp barylýar, sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar.

El hünärlerine, ekerançylyga, bagçylyga, maldarçylyga uly üns berilýän döwrümizde ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösýändiginiň hem-de bedew bady bilen öňe barýandygynyň özboluşly dabaralanmasyna öwrülen sergä gatnaşanlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy.

 

Nursoltan Dep­bi­ýe­wa,

«Balkan».

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.