Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BERKARARLYK BAÝDAGYMYZ

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda ynamly ädim bilen öňe barýan berkarar ýurdumyzyň her güni şöhratly wakalara beslenýär. Ýurdumyzda diňe şanly wakalaryň şaýady bolunýan döwürde Esasy Kanunymyzyň we Döwlet baýdagynyň buýsanjy kalplarymyza nur çaýýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň guwançly gymmatlyklarymyzdygy bilim işgärlerindede guwanç duýgusyny döredýär. Sebäbi Esasy Kanunymyz hemde ýaşyl Baýdagymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň synmaz sütünleridir.

Ata Watanymyzyň baky berkararlygynyň buýsançly gymmatlyklaryny ýaş nesliň arasynda wagyz-nesihat etmek bilim işgärleriniň möhüm wezipeleriniň biridir. Sebäbi bu alada ýaş nesilde ata Watana, ene topraga mukaddes söýgini terbiýelemäge, olary gözüň göreji deý gorap saklamagy ýaşlaryň aňyna guýmaga gönükdirilendir. Ýaşyl Tugumyzy buýsanjyň we mertebäň hasaplap, oňa guwanmagy, buýsanmagy terbiýelemekde bilim işgärlerimiz uly tagallalary edýärler. Şeýle aladanyň netijesi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilýän dabaraly çärelerde has ýokary bolýar. Olar gymmatlyklarymyz dogrusynda ýaş nesle düşünje bermekde has täsirliligi bilen özüne çekýär.

 

Muhammetberdi KUŞIÝEW,

Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Baýramaly etrap geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.