Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GYZYKLY GEÇEN DUŞUŞYK

Babadaýhan etrap merkezi medeniýet öýünde etrap häkimliginiň, medeniýet bölüminiň, merkezi kitaphanasynyň hem-de TDP-niň Babadaýhan etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň we TMÝG-niň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda mugallym, şahyr, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Silgeldi Akmyradow bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga şahyryň kärdeşleri, medeniýet işgärleri, şahyryň döredijiligi bilen gyzyklanýan dürli ýaşdaky adamlar gatnaşdylar. Duşuşykda etrabyň 15-nji orta mekdebiniň mugallymy Hojageldi Körhanow, merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Annadursun Gurbangulyýewa, medeniýet merkeziniň işgäri Gurbanýaz Ýagşymyradow, “Ak altyn” obasynyň ýaşaýjysy Suraý Akmämmedowa hem-de çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar çykyş etdiler.

Duşuşykda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda edebiýaty, medeniýeti, sungaty ösdürmek boýunça alyp barýan işleri, şahyryň goşgulary dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Çäräniň dowamynda etrap medeniýet merkeziniň aýdymçylary Rejepmyrat Ýarjanow, Ulugberdi Orazberdiýew şahyr Silgeldi Akmyradowyň sözlerine döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler.

 

Öwezdurdy HOJATOW, Babadaýhan etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.