Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÜZÄRLIK — ŞYPALY ÖSÜMLIK

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­ründe hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly sy­ýa­saty ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň äh­li ra­ýat­la­ry­nyň aba­dan we bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy, ha­lal zäh­met çek­me­gi hem-de döw­re­bap bi­lim al­makla­ry üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­len­dir. Esa­sy Ka­nu­ny­myz­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, döw­le­ti­mi­ziň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy adamdyr. Çün­ki, ýur­du­myzda ama­la aşy­rylýan her bir iş­ler hal­ky­myzyň aba­dan dur­mu­şyny üp­jün ed­ýär. Adamyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­nda, il­kin­ji no­bat­da, ze­rur zat­la­ryň bi­ri hem saglyk­dyr. Se­bä­bi sagly­gyň bar ýe­rin­de ba­ky bag­ty­ýar­lyk bar­dyr.

Türkmen topragynda bitýän ösümlikler ynsan saglygy üçin örän peýdalydyr. Jana melhem bolýan şypaly ösümlikler dermanlyk häsiýete eýe bolup, saglygy goramakda tebigy serişde bolup hyzmat edýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy ensiklopedik kitabyny okanymyzda has-da aýdyň göz ýetirýäris. Hormatly Prezidentimiziň ylmy-ensiklopedik kitaby diňe bir ildeşlerimiziň gollanmasy bolmak bilen däl, eýsem, dünýä okyjylarynyň hem ünsüni çekýär. Hormatly Arkadagymyzyň bu ylmy-ensiklopedik kitabynda ýurdumyzyň çäginde bitýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri we ony taýýarlamagyň düzgünleri barada giňden beýan edilýär. Şonuň üçin hem bu kitap esasynda taýýarlanýan melhemlik çaýlar ýurdumyzyň şypahanalarynda peýdalanylýar, ynsan saglygyny gorap saklamakda we berkitmekde giňden ulanylýar. Şonuň bilen bir hatarda, diňe bir şypahanalarda däl, eýsem, ildeşlerimiz durmuşynda hem ulanýarlar, saglyklaryny gorap saklaýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän üzärlik ösümligi halkymyzyň arasynda giňden meşhurlyga eýedir. Halkymyzda toý tutulanda, dabaralar geçirilende üzärlik tütetmek däbi ýöredilýär. Munuň özi howany arassalaýjy täsiri bilen tapawutlanýar. Şypaly ösümlik bolan üzärligiň dermanlyk ähmiýeti örän ýokarydyr. Elbetde, her bir çöpi derman bolýan türkmen topragynyň peýdaly ösümligi bolan üzärligiň halk durmuşynda giňden ulanylýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Esasan hem üzärlik tütedilende, zyýanly mör-möjeklerden, kesel ýokuşmasyndan goranmak bolýar. Çarwalarymyz dowarlary mör-möjekden goramak üçin üzärlik tütedipdirler. Umuman, üzärligiň ynsan durmuşynda, saglygy goramakda örän ähmiýeti uludyr.

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ynsan saglygyny goramakda uly işler durmuşa geçirilýär. Şunda ylmyň iň täze gazananlary, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan milli lukmançylygy döwrebap ösdürilýär we kämilleşdirilýär. Halkymyzyň bagtyýar we sagdyn durmuşda ýaşamagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Be­genç BAÝ­RA­MOW, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň kär­deş­ler ar­ka­la­şy­gy­nyň Ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Ber­ka­rar­lyk et­rap Halk mas­la­ha­ty­nyň ag­za­sy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.