Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TAÝÝARLYKLY GARŞYLANÝAR

Daýhan üçin ju­da jo­gap­kär­li möw­süm — galla oragy ýetip gelýär. «Uly iliň soltany» diýlip sarpalanýan bugdaý biziň saçaklarymyzyň berekedi. Şonuň üçinem galla oragy möwsümi hiç bir adamy hem parhsyz goýmaýar. Galla oragyna taýýarlyk işlerine Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda hem irki möhletde girişildi. Etrabyň gallaçy-kärendeçileri «Türkme­nis­tan — Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» ýy­lyn­da 15 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaýy ösdürip ýetişdirdiler. Güýzlük bugdaý ekilen atyzlaryň köpüsinden bereketli hasyla garaşylýar. — Gal­la ora­gyn­da esa­sy jo­gap­kär­çi­lik biziň kärhanamyzyň işgärlerine degişli. Kärhanada galla orýan kombaýnlaryň 45 sanysy bar. Olaryň 30 sanysy «Claas» kysymly, 15 sanysy bolsa «John Deere» kysymly ýokary öndürijilikli kombaýnlardyr. Bu kombaýnlaryň ählisi oraga doly taýýar edildi. Kombaýnlara erk etmek baý iş tejribeli Täçmyrat Ataşow, Maksat Gulmyradow, Hemra Sapardurdyýew, Bekgi Mämmetjanow ýaly mehanizatorlara ynanyldy.

Kärhanamyzda orak möwsüminde bökdençlikleriň bolmazlygy üçin ätiýaçlyk çäreleri hem görüldi. Göçme ussahanalar, çalgy ýaglarynyň, ätiýaçlyk şaýlarynyň, ýangyjyň ätiýaçlyk gorlary döredildi. Galla oragynda işlejek traktorçylar bilen düşündiriş işleri geçirildi. Kärdeşler arkalaşygynyň kärhanamyzdaky ilkinji guramasy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi bilen birlikde galla oragy möwsüminde geçirilmeli çäreleriň ýörite meýilnamasyny düzdi. Biz galla oragynyň guramaçylykly geçirilmegi üçin dürli guramaçylyk, medeni-köpçülik çäre­le­ri­ni göz öňün­de tut­dyk — di­ýip, et­ra­byň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Serdar Gaýlyýew gürrüň berýär.

Etrabyň awtoulag kärhanasynda hem bu möhüm möwsüme taýýarlyk işleri giň gerim alýar. Kärhanada bar bolan dürli kysymly awtoulaglaryň 23 sanysy galla daşamak üçin enjamlaşdyryldy. Edara-kärhanalara, şahsy adamlara degişli awtoulaglaryň ýüzlerçesi hasaba alnyp, olar bilen möwsümleýin şertnama baglaşyldy.

«Görogly galla önümleri» kärhanasynda galla kabul ediş nokatlarynyň birnäçesi, elewatorlaryň ikisi bolup, olaryň ählisinde ýygnalan gallany gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz kabul etmäge ähli şertler döredildi. Gapanlar, barlamhanalar, ammarlar möwsüme doly taýýar edildi.

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, galla oragy Görogly etrabynda hem ähli halk aladasyna öwrülýär. Bu ýurt ähmiýetli işe oba hojalygyna dahylly edara-kärhanalar, jemgyýetçilik guramalary işjeň gatnaşýarlar.

 

Şöh­rat AB­DY­ÝEW, öz habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.