Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TÜRKMENISTAN — BMG: HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE TAPGYRY

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 22-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň barşynda Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda strategik häsiýetli däp bolan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, 2020-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmegine 75 ýyl dolýandygy hem-de bu guramanyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Rezolýusiýasyny kabul edenine 25 ýyl dolýandygy bellenildi. Şeýle hem BMG-niň ýurdumyzyň dürli ulgamlarda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan goşandyna ýokary baha berýändigi, milli Liderimiziň öňe süren döredijilik başlangyçlaryny doly goldaýandygy nygtaldy.

Galyberse-de, şol gün BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşen ştab-kwartirasyndan Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýene-de iki düzüminiň — Ykdysady we Durmuş geňeşiniň edaralarynyň düzümine girýän Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021 — 2025-nji ýyllar döwür üçin we Ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021 — 2024-nji ýyllar döwür üçin saýlanandygy hakyndaky nobatdaky hoş habaryň gelip gowşandygy barada aýdyldy.

Munuň özi Arkadag Prezidentimiziň daşary we içeri syýasatynyň ýokary netijeliliginiň dünýä bileleşiginiň ykrarnamasyna eýe bolýandygynyň, ýurdumyza ýokary baha berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Şeýle hem bu waka ýurdumyzyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen hem-de hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 25 ýyllygyna beslenýän ýylynda ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň rowaçlanýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Şunuň bilen baglylykda, 2018-nji ýylda Türkmenistanyň 2019 — 2021-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlanandygyny ýatlatmak ýerlikli bolardy. Geçen 2019-njy ýylda ýurdumyz 2020 — 2022-nji ýyllar döwri üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň, 2020 — 2024-nji ýyllar döwri üçin Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň hem-de 2020 — 2023-nji ýyllar döwri üçin Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanyldy.

Türkmenistanyň soňky ýyllarda BMG-niň dürli düzümlerinde, komissiýalarynda hem-de maksatnamalarynda işjeň iş alyp barmagy ýurdumyzyň EKOSOS-yň şu möhüm düzümlerine üstünlikli agza bolmagyna ýardam etdi. Munuň özi bolsa, öz nobatynda, ýurdumyzyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Durnukly energetika boýunça komitetiniň Býurosynyň wise-başlyklygyna hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPEKA) Başlyklygyna, şeýle hem BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň düzümine saýlanylmagyny üpjün etdi.

Geçen ýylyň noýabr aýynda ýurdumyza gelen Halkara pul gaznasynyň bilermenleri milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýändigini, ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde oňyn ösüşiň bardygyny bellediler. Olar Türkmenistanda eneligi we çagalygy goramagyň ýokary derejesiniň üpjün edilýändigini, Diýarymyzda ýokançly keselleriň köpüsiniň ýokdugyny, sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň ornaşdyrylýandygyny, ýerli ösümliklerden we çig maldan ýokary hilli dermanlaryň, lukmançylyk serişdeleriniň öndürilýändigini aýratyn nygtadylar. BMG-niň Baş sekretary bilen bolan söhbetdeşligiň barşynda Arkadag Prezidentimiz häzirki döwürde ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşde sebitiň ýurtlary we beýleki goňşy döwletler bilen bilelikde işlemekde toplanylan tejribe barada gysgaça durup geçdi. Hususan-da, käbir ýurtlar, mysal üçin Özbegistan we Azerbaýjan bilen bilelikde umumy serhetlerde arassaçylyk — karantin çäklerini üpjün etmek boýunça arkalaşykly işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly syýasaty alyp barmak bilen, ykdysady hem-de durmuş maksatlaryny birleşdirmäge yzygiderli üns berýändigini bellemelidiris. Munuň özi maglumat-kommunikasiýa jemgyýetini ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak, innowasiýalary, ylmy-barlag işlerini höweslendirmek, halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklaryny, bilim ulgamyny sanly ulgama geçirmek bilen baglanyşyklydyr.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 22-nji aprelinde Daşary işler ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (UNCTAD) arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahatyň geçirilendigini bellemelidiris. 27-nji aprelde bolsa hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Türkmenistanda işleýän agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hemde wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Olarda öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde dünýä tejribesinde giňden ulanylýan utgaşykly maglumat ulgamyny döretmäge we ýola goýmaga, şeýle hem özara gatnaşyklaryň geljegine, bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi.

Şoňa görä-de, ýurdumyzyň BMG-niň bu we beýleki düzümleriniň agzalygyna saýlanylmagy adamlaryň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna, biziň toplan durmuş-ykdysady ösüşde we toplumlaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmekde, ýurdumyzyň okgunly ösýän döwletleriň hatarynda öňdäki orunlarynyň birini eýelemegini üpjün edýän tejribämizi nazara almak bilen, häzirki döwrüň gaýragoýulmasyz wezipelerini çözmekde geçirilýän çäreleriň hiliniň hem-de netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen maslahatlary işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer.

 

Jumanazar GARAJAÝEW, «Aşgabat» gazetiniň sy­ýasy synçysy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.