Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ŞYGYR BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

Hormatly Prezidentimiz jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmaga, ýaşlaryň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmaga, sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berýär. Sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa geçirmekde, halk arasynda wagyz-nesihat etmekde, dürli sport bäsleşiklerini, ýaryşlaryny geçirmek bilen halk köpçüligini sporta çekmekde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Hazar şäher komiteti ençeme işleri alyp barýar. Ýörite düzülen meýilnama esasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň şäher birleşmesi bilen bilelikde «Sagdyn nesil, sagdyn ruh—ýörelgämiz, ýolumyz» atly şygar bilen «Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2017—2021-nji ýyllar üçin Meýilnamasyny» ýerine ýetirmek hem-de Bütindünýä çilimkeşlige garşy göreş güni mynasybetli, zyýanly endiklerden daşda durmak, wagyz-ündewi şygryýetiň üsti bilen ýaýbaňlandyrmak hem-de zehinlileri ýüze çykarmak maksady bilen, şäheriň edara-kärhanalarynda işleýän höwesjeň şahyrlaryň gatnaşmaklarynda şygyr bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň şertine laýyklykda, şygyrlarda temmäkä garşy göreşmek, onuň adam saglygyna ýetirýän zyýanly täsiri, sagdyn bedenli, sagdyn ruhly, watansöýüji ýaşlary kemala getirmekde sportuň ähmiýeti beýanyny tapdy. Bäsleşikde 3-nji orta mekdebiň mugallymy Döwletmyrat Babaýew ýeňiji bolmagy başardy.

Bäsleşikde ýeňiji bolanlara we oňa gatnaşyjylara TDP-niň şäher komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary gowşuryldy.

Zehinlileri ýüze çykarmaga, döretmäge, zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri rowaç bolsun!

 

Aşyrmyrat Ata­myra­dow, TDP-niň Hazar şäher komitetiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.