Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

KONSTITUSION ÖZGERTMELERIŇ ÝOLUNDA

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça düýn welaýat häkimliginiň uly ýygnaklar zalynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň ýanynda döredilen iş toparynyň göçme maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary, toparyň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň welaýatymyzdan saýlanylan deputatlary, welaýat häkimliginiň, etrap, şäher häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň welaýat, etrap, şäher ýolbaşçylary, arçynlar gatnaşdylar.

Maslahaty welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew alyp bardy. Ol ýurdumyzda “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasynyň giňden ara alnyp maslahatlaşylýandygy barada aýtmak bilen, çykyş etmek üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa söz berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen ikinji mejlisinde ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleri bilen birlikde ýurdumyzyň konstitusion esaslaryny berkitmek we döwlet dolandyrylyşynyň demokratik ýörelgelerini kämilleşdirmek bilen bagly meselelere hem seredilendigini belledi. Şol mejlisde hormatly Prezidentimiz iki palataly parlament ulgamyna geçmek barada durup geçip, bu ugurda beýleki ýurtlarda toplanylan oňyn tejribäni nazara almak bilen, iki palataly ulgama geçmegi we Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hem-de Türkmenistanyň Mejlisini wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşmagy maksadalaýyk hasaplaýandygyny, munuň türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik etmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen konstitusion özgertmeleriň dowam etdirilýändigi, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen döredilen Konstitusion toparyň häzirki wagta çenli üç mejlisiniň geçirilendigini, Garaşsyz döwletimiziň ähli ýerinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly işleriň alnyp barylýandygyny, bu işe raýatlarymyzyň işjeň gatnaşýandygyny nygtady.

G. Mämmedowa Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň hem bu ugurda işeňňirlik görkezip, ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň kämilleşdirilmegine özleriniň goşandyny goşjakdyklaryna, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän her bir teklibini, başlangyjyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman işlejekdiklerine ynam bildirdi.

Soňra maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň ýanynda döredilen iş toparynyň başlygy Kasymguly Babaýew çykyş etdi. Ol ýurdumyzyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça raýatlardan teklipleriň müňlerçesiniň gelip gowuşýandygyny, şol teklipleriň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan giň gerimli işleri halkymyzyň biragyzdan goldaýandygyny görkezýändigini aýratyn nygtap belledi.

Maslahatda welaýat häkimliginiň bölüm müdiri, welaýat halk maslahatynyň başlygy Eziz Ataballyýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Kakageldi Gurbanow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygy Muhammetberdi Gurbanow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Sapa Süleýmanow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow çykyş edip, ýurdumyzda konstitusion özgertmeleri durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça raýatlardan gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak boýunça özleriniň alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiziň Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça öňe süren başlangyçlaryny tüýs ýürekden goldamak bilen, öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek üçin özleriniň ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman işlejekdiklerine ynandyrdylar.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.