Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

WATANYMYZYŇ RÖWŞEN GELJEGI

Şu günler ýaşuly neslimiziň saglygy ugrunda birnäçe çäreler geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda her bir lukman saglygy goramak ugrunda irginsiz zähmet çekýär. Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň we welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde guramagynda “Raýatlaryň saglygy — Watanymyzyň röwşen geljegi” atly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň jogapkär işgärleri, işjeň agzalary we welaýatymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.

Mary şäheriniň iç keselleri hassahanasynda geçirilen maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Şatlyk şäher birleşmesiniň başlygy Gurbanmuhammet Babaýew açdy we alyp bardy. “Raýatlaryň saglygy — Watanymyzyň röwşen geljegi” diýlip atlandyrylan bu maslahatda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Murgap etrap birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Gurbanmyrat Muhammetorazow, welaýat polisiýa müdirliginiň wekili, polisiýanyň maýory Merdan Ýagşyýew, welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň bölüm müdiri Tawus Hojanyýazowa, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň hünärmeni Ogulşirin Seýidowa çykyş etdiler.

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda ynsan saglygyny goramak ugrunda alnyp barýan işleriň has-da netijeliligini gazanmagyň ýollary barasynda birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň öz halky üçin edýän bimöçber aladalarynyň hemişe rowaçlyklara beslenip, janynyň sag, ömrüniň uzak, il-bähbitli ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň dowamat-dowam bolmagy arzuw edildi.

 

Ogulşat BERKELIÝEWA, “Maru — şahu jahan”.

SURATLARDA: maslahatdan pursatlar. Suratlary düşüren awtor.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.