Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GUWANJYMYZYŇ GÖZBAŞY

Ajap eýýamymyzyň ýyllary içinde ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginde uly üstünlikler gazanylýar. Şu belent sepgitler halkymyzyň döredijilikli güýjüniň egsilmezdiginiň subutnamasydyr. Gahryman Prezidentimiziň başlangyjy bilen, “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýyl hem Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Sebäbi, türkmen halky milli buýsanjymyz bolan Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň uly toýuna barýar.

Häzirki wagtda geňeşimiziň agzalary ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde döredijilikli zähmet çekip, şanly senä mynasyp sowgatly barmagy maksat edinýärler. Geňeşimiz tarapyndan etrabymyzyň bilim işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmekleri, talabalaýyk dynç almaklary, iş we durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagy ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Etrap bilim bölümi bilen bilelikde bilim işgärleridir okuwçylaryň arasynda guralýan dürli bäsleşikleriň gyzykly hem-de täsirli geçirilmegine saldamly goşandymyzy goşýarys. Şeýle köptaraplaýyn tagallalarymyz bolsa, bagtyýarlyk zamanamyzyň ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, ruhubelent, zähmetsöýer ýaşlary kemala getirmekde guwançly goşandymyz bolýar.

Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň toýy toýlanyljak ýyly uly ýeňişler bilen dabaralandyrmak her birimiziň jana-jan borjumyzdyr.

 

Mahym HOJAMGULYÝEWA. Ylym-bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Oguzhan etrap geňeşiniň başlygy. 

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.