Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SANLY ULGAMYŇ ÄHMIÝETI

Ajaýyp zamanamyzda sanly bilim ulgamyna geçilmegi ata Watanymyzyň, bagtyýar halkymyzyň mynasyp geljegi saýylýan ýaşlarymyzyň ertirki maksatly işlerine ýol açdy. Gahryman Arkadagymyz bu babatda ýaş neslimiziň bilimine, edep-terbiýesine uly üns berýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 1-nji synpynda okaýan okuwçylarynyň ählisine täze okuw ýyly — Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli okuw kitaplary bilen birlikde şahsy kompýuterleri sowgat bermegi biz — mugallymlar, ata-eneler üçin buýsançlydyr. Geljegimiz bolan ýaş nesil barada şeýle alada bizi diýseň begendirýär.

Hormatly Prezidentimiz ösüp gelýän ýaş nesle çuňňur bilim we asylly terbiýe bermekde biz — mugallymlaryň öňünde uly wezipeleri goýdy. Bu günki günde sapagyň netijeliligini artdyrmak üçin okatmagyň multimediýa, interaktiw usullaryny okuwçylara öwretmek mugallymlaryň wezipesidir. Biziň sowat berýän 1-nji synp okuwçylarymyzyň ählisi göreldeli okuwçylaryň hataryna goşulýar. Ýokary derejeli kärdeşlerim Sülgün Huseýinowa, Gynnak Amangeldiýewa bilen maslahatlaşyp, okuwçylara okatmagyň işjeň usulynda bilim we terbiýe bermäge çalyşýarys.

Ýaş neslimiziň ylymly-bilimli bolup ýetişmeginde, bagtyýar hem abadan durmuşy ugrunda uly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, beýik tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Altyngözel GURBANDURDYÝEWA. Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň ýokary derejeli başlangyç synp mugallymy, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy. 

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.