Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

IŞJEŇLIK — DÖWRÜŇ TALABY

Golaýda TZB-niň welaýat bölüminiň guramagynda hormatly Prezidentimiziň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere düýpli taýýarlyk görmek baradaky tabşyryklaryndan, ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň möhüm meseleleri boýunça geçiren duşuşygyndaky tekliplerinden ugur alyp hem-de üstümizdäki ýyl üçin ýörite tassyklanan meýilnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan meýilleşdirilen «Arkadagly hemişelik Bitarap ýurduň buýsançly zenanlary» atly şygar astynda dabaraly maslahat geçirildi. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler zalynda geçirilen maslahata welaýat zenanlar bölüminiň, şäherdir etrap zenanlar guramalarynyň ýolbaşçylary,Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, şäher, etrap häkimlikleriniň RÝNÝ bölümleriniň ýolbaşçylary, edara-kärhanalaryň ilkinji guramalarynyň işjeň agzalary, talyp gyzlar gatnaşdylar.

Maslahaty welaýat häkiminiň orunbasary, TZB-niň welaýat bölüminiň başlygy Akjemal Durdyýewa açdy we maslahatyň zenanlaryň döwre gatnaşygyny açyp görkezmäge, işjeňligini ýokarlandyrmaga uly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Maslahatyň dowamynda şeýle hem Gubadag etrabyndan mährem ene Arzygül Ilýasowa, welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň direktory, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Bahar Piriýewa, welaýat çagalar sungat mekdebiniň direktorynyň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Almagül Nazarowa, welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Bahargül Ýazyýewa, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni Güljemal Nazarowa, welaýat Polisiýa müdirliginiň jemgyýetçilik howpsuzlygy bölüminiň gözegçisi, polisiýanyň uly leýtenanty Aýbölek Kazakowa, Köneürgenç şäher häkimliginiň RÝNÝ bölüminiň müdiri Gözel Gurbanowa, Saparmyrat Türkmenbaşy etrap bilim bölüminiň hünärmeni, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Gözel Saparmyradowa dagy çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ýetilen beýik sepgitler, gazanylan üstünlikler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilen tutumlar, ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalar we olaryň ähmiýeti, şeýle okgunly işlere zenanlaryň gatnaşygy dogrusynda belläp geçdiler. Şonuň ýaly-da, çykyşlaryň dowamynda «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasynyň» çäklerinde ýerine ýetirilýän işler, zenanlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy has-da pugtalandyrmak, nesil terbiýesinde işjeňligini artdyrmak, ýaş nesli milli ýörelgelerimiziň esasynda terbiýelemekde öňde durýan wezipeler dogrusynda nygtalyp geçildi.

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň zenanlarynyň bagtyýar durmuşy baradaky aladalaryna hemişe halal hem tutanýerli zähmet çekmek bilen jogap bermäge çalşylmalydygy ündeldi. Bu işleriň döwür bilen zenanlaryň gatnaşygyny pugtalandyrmak bilen, döwletimiziň ösüşleriniň has ilerlemegine uly mümkinçilikleri döredýändigi buýsançly söhbetlere garylyp beýan edildi.

Maslahata gatnaşan bagtyýar zenanlar zenan mertebesini tug deňinde arşa göterýän Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

***

«Zähmet joşýar Arkadagyň Bitarap ýurdunda» ady bilen guralan sergi welaýatymyzyň zähmetkeş zenanlarynyň ukyp-başarnyklaryny, on barmagynyň oýnamyndan çykan nepis işlerini, senetçilik sungatyny ösdürmäge goşýan goşantlaryny, zenan dünýäsine muwapyk işleriň giň beýanyny açyp görkezdi. TZB-niň welaýat bölüminiň guramagynda guralan sergä şäherdir etraplardan işjeň zenanlaryň uly toplumy gatnaşdy. Sergide ene-mamalarymyzdan miras galan keçe basmak, haly, palas, tara dokamak, oňa taýýarlyk işlerini ýerine ýetirmek, gaýma gaýamak, keşde çekmek ýaly inçeden hysyrdyly işler giňden ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem halypa-şägirtlik ýörelgesine uly ähmiýet berilýändigine sergini synlamaga gatnaşanlar aýdyň göz ýetirdiler.

Daşoguz şäherindäki tomusky aýdym-saz merkezini gurşap alan seýilgähiň gür baglyga bürenen owadan meýdanynda guralan serginiň welaýatymyzyň bagşy-sazandalarynyň ýerine ýetiren ajaýyp aýdymlary bilen utgaşmagy şowhunly hem baý mazmunly bolmagyna getirdi. Şonuň ýaly-da, bu ýerde tejribe alyşmaga, öwrenmäge hem öwretmäge, döredijilik gözlegleriniň amala aşmagyna uly mümkinçilikler döredi. Sergä gatnaşanlaryň we ony synlanlaryň kalbynda abadan hem owadan ýurdumyzda halkymyza şeýle bagtyýarlygy peşgeş beren hormatly Prezidentimize hoşallyk duýgulary has-da artdy.

 

Mahym PIRIÝEWA, «Daşoguz habarlary».

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.