Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ROWAÇLYKLARA BESLENÝÄN ÖZGERTMELER

Şu günler «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy halk köpçüligi tarapyndan giňden ara alnyp maslahatlaşylýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan şeýle möhüm syýasy wakanyň ähmiýeti hakynda geçirilýän maslahatlarda täsirli gürrüňler edilýär.

Golaýda hyzmat ulgamy işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň guramagynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler eýwanynda podpolkownik Magtymguly Magtymgulyýewiň serkerdelik edýän garnizonynyň harby gullukçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen maslahat hem şeýle mazmunda boldy. Onda TGM-niň Alp Arslan adyndaky ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Toýly Gaýypow, harby gullukçy Gülzar Weliýewa, döwlet edaralarynyň işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Bibigül Amanowa dagy çykyş etdiler. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň taryhy ähmiýeti hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Konstitusion kanunyň taslamasynda beýan edilýän ýörelgeleriň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hasaplanýan adam hakyndaky aladalara gönükdirilendigi bilen buýsandyryjydygy nygtalyp geçildi. Ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň şeýle belent tutumlaryna mundan beýläk hem rowaçlyklar arzuw edildi.

 

Allanur PALTABAÝEW, welaýat harby prokuraturasynyň uly sülçüsi.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.