Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK

Golaýda Türkmen oba hojalyk institutynda hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň terbiýeçilik ähmiýetini wagyz etmek maksadynda aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa institutyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary uly höwes bilen gatnaşdylar.

Onda mährem ene Gözel Hanowa «Maşgala mukaddesligi», agrosenagat işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Gülruh Haljanowa «Öý-ojagyň gelşigi zenanlar», institutyň mugallymy Aýjeren Tagandurdyýewa «Edebiň ýagşysy ulyny syla» diýen mowzuklar boýunça çykyş etdiler. Çykyşlarda zenanlaryň maşgala ojagynda tutýan orny, ýaş nesli arassa ahlaklylyk, milli ýörelgelerimize ygrarlylyk, ynsanperwerlik, edep-ekramlylyk ruhunda terbiýelemekde käbelerimiziň ýadawsyz aladalary dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Soňra welaýat çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy Saýat Nurmedowanyň ene hakda ýerine ýetiren hem-de talyp ýaşlaryň şirin owazly aýdymlary hemmelere ruhy lezzet paýlady.

 

Bahar ÝUSUPOWA, Türkmen oba hojalyk institutynyň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.

 

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.