Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“SAGDYN JEMGYÝET - BAGTYÝAR DURMUŞYŇ KEPILI” ATLY MASLAHATY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen bilelikde gurnamagynda “Sagdyn jemgyýet - bagtyýar durmuşyň kepili” atly maslahaty geçirildi.

 

Maslahaty Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň guramaçylyk we syýasy işleri bölüminiň müdiri Pena Aşyrow açyp, onda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň wekili Batyr Berkeliýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat komitetiniň partiýa guramaçysy  Gülnara Akjigitowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiň başlygy, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Halk Maslahatynyň agzasy Begenç Baýramow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet bölüminiň müdiri Gurbanmyrat Muhammedow, Aşgabat şäheriniň 6-njy saglyk öýüniň maşgala lukmany Gunça Durdyýewa çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.