Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“TEBIGAT - GÖZELLIGIŇ GÖZBAŞYDYR” ATLY MASLAHATY GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Oba hojalyk we Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugy bilen bilelikde, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Tebigat - gözelligiň gözbaşydyr” atly maslahaty geçirildi.

surat

Maslahaty Türkmenistanyň Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň tehniki gözegçisi Döwrangeldi Hojamgulyýew açyp, Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy Aknabat Potaýewa, Daşky gurşawy garamak müdirýetiniň başlygynyň orunbasary Döwran Ýagmyrow, Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň Biodürlülik laboratoriýasynyň esasy ylmy işgäri Ejebaý Kokanowa, Ekerançylyk önümlerini işlemek kafedrasynyň uly mugallymy Ýazgeldi Saryýew, Tokaý we seýilbaglar kafedrasynyň müdiri Akmyrat Atamyradow, Türkmenistanyň Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünarmeni Gyzylgül Muhammedowa çykyş etdiler.

Maslahatyň dowamynda Daşky gurşawy goramak gullugyna degişli edara-kärhanalarynda uzak ýyllaryň dowamynda halal zähmet çekip, hormata mynasyp bolan Kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalaryna Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Türkmensitanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölümi

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.