Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

AJAÝYP DÖWRÜMIZIŇ WASPY

Balkanabat şäherindäki «Ak ýol» toý dabaralary merkezinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Arkadagly Diýarda joşa gelýär kalbymyz» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, welaýat we Balkanabat şäher komitetleriniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda geçirilen bäsleşige döredijilik bilen meşgullanýan raýatlar gatnaşdylar.

Bäsleşigiň başynda aýdym-sazlara we gutlag çykyşlaryna giň orun berildi. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, «Türkmenistan—Bitaraplygyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde medeniýetiň we sungatyň has belent derejelere göterilmegi ugrunda bimöçber işler alnyp barylýar. Ulgamda amala aşyrylýan her bir tutum halkymyzyň göwnüni galkyndyrýar, ruhy dünýäsine röwşen öwüşgin çaýýar. Gahryman Arkadagymyzyň Karary bilen indi ýylyň-ýylyna geçirilmegi däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Çärede medeniýeti halkyň kalbyna deňeýän hormatly Prezidentimiziň ulgama goýýan hormat-sarpasy hakynda hem-de her bir sözi nakyla öwrülen Magtymguly Pyragynyň şygryýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Sungat ussatlary günbe-günden galkynýan medeniýetimiziň we sungatymyzyň, beýik Pyragynyň waspyny ýetirdiler, onuň sözlerine döredilen aýdymlary aýtdylar.

Soňra «Türkmenistan—Bitaraplygyň mekany» ýylynda uludan toýlanyljak Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramyny dabaralandyrmagy, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan bitaraplyk syýasatyny hem-de Watanymyzyň ösüş-özgerişlerini çeper sözlerde wasp etmegi, döredijilik bilen meşgullanýan adamlaryň zehinini, ukyp-başarnygyny açyp görkezmegi maksat edinen bäsleşige gatnaşyjylar onuň şertlerine laýyklykda güýç synanyşdylar.

Bäsdeşler, ilki bilen, Bitaraplyk barada öz ýazan goşgularyny labyzly okadylar. Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň birini aýdyp, şol goşgynyň many-mazmunyny, ähmiýetini düşündirdiler. Gahryman Arkadagymyzyň etrap-şäherleri ösdürmekde amala aşyran we aşyrýan beýik işlerini çeper sözlerde wasp etdiler, her bir işde halkyň bähbidini nazarlaýan mähriban Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar. Olar eziz Arkadagymyzyň adyna alkyşnamany goşgularda, aýdym-sazlarda ýerine ýetirdiler.

Bäsleşigiň jemi jemlenilende, Bereket etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň mugallymy Jänegül Gurbanowa birinji, Esenguly etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy Arazdurdy Arazdurdyýew ikinji, welaýat iç keselleri hassahanasynyň işgärler boýunça gözegçisi Humaý Kelowa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

 

Ejeş Guwanjowa.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.