Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

WELAÝATLARDAN HABARLAR

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde Köneürgenç etrabyndaky orta mekdepleriň ýanyndaky dynç alyş ýerleri gapylaryny giňden açdy. Şu günler çagalar ol ýerde wagtlaryny şadyýan, gyzykly geçirýärler. Ýaş nesilleriň dynç alşyny täsirli guramak, olary sporta, döredijilige, sungata höweslendirmek maksady bilen, jemgyýetçilik guramalary medeniýet, sport, bilim edaralary bilen bilelikde dürli çäreleri guraýarlar. Çagalar bilen medeni-köpçülikleýin we sport-sagaldyş çäreleri ýörite meýilnama esasynda yzygiderli geçirilýär.

Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap Geňeşi hem bu işlere mynasyp goşant goşýar. Etrapda guralýan medeni-köpçülikleýin we sport sagaldyş çärelerine işjeň gatnaşýar. Elbetde, aýratyn tapawutlanýan toparlara, oglan-gyzlara Hormat hatlarydyr ýörite baýraklary gowşurmak hem asylly ýörelge hökmünde dowam etdirilip gelinýär. Munuň özi bolsa çagalarda ýatdan çykmajak ýakymly täsir galdyrýar.

 

Hu­daý­na­zar DUR­DY­ÝEW, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň başlygy.

 

Änew şäherindäki sport mekdebinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň welaýatyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi bilen bilelikde guramagynda baýry türgenleriň arasynda futzal boýunça welaýatyň açyk birinjiligi geçirildi. Çekeleşikli geçen bäsleşikde türgenler ussatlyklaryny görkezdi. Şeýlelikde, Ak bugdaý etrabynyň topary birinji orna mynasyp bolmagy başardy. Paýtagtyň toparlary bolsa degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýelediler.

Ýeňiji bolan toparlar welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Hormat hatlary, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

 

Nur­ja­han BÄ­ŞI­MO­WA, S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.