Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BEÝIK IŞLERIŇ AÝY

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen 2020-nji ýylyň iýun aýy hem iri jemgyýetçilik-syýasy wakalara, durmuş-ykdysady ösüşde uly üstünliklere baý boldy.

Aýyň başynda, ýagny, 1-nji iýunda Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilip geçildi. Şu mynasybetli esasy dabaralar «Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähinde, «Älem» medenidynç alyş merkezinde we beýleki ýerlerde geçirildi.

Şol gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow elektrik energetikasyny döwrebaplaşdyrmak meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirip, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçirijisini çekmek meselelerine aýratyn üns berdi.

1, 23-nji iýunda milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatlaryny geçirdi. Olarda obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýy, şanly senelere gabatlanyp ulanylmaga beriljek desgalarda gurluşyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2-nji iýunda, Bütindünýä welosiped gününiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmekde ägirt uly işleri üçin Halkara welosipedçiler birleşiginiň ýokary sylagy bilen sylaglanyldy.

Şol gün paýtagtymyzda çagalary Gökderedäki dynç alyş we sagaldyş merkezlerine ugratmak dabarasy boldy.

3-nji iýunda ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni giňden bellenilip geçildi.

4-nji iýunda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Mejlisde döwlet Baştutanymyz guramaçylyk meselelerine hem garady.

Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýunda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň şu ýylyň bäş aýynda gazanan netijeleriniň jemi jemlenildi. Hususan-da, jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterime barabar bolandygy bellenildi. 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende önümleriň öndürilişi 4,7 göterim ýokarlandy.

5-nji iýunda Türkmenistanda galla oragyna badalga berildi. Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň ekerançylary şol gün galla oragyna girişdiler.

12-nji iýunda bolsa Balkan we Daşoguz welaýatynyň gallaçylary olara goşuldylar.

Şol gün Oba hojalyk toplumynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onda Türkmenistanda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça geçirilýän işler beýan edildi.

8-nji iýunda Arkadag Prezidentimiz Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirip, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna gabatlanylyp açyljak desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

9, 10, 16, 17, 22-nji iýunda döwlet Baştutanymyz Lebap, Mary, Daşoguz, Balkan we Ahal welaýatlaryna iş saparlaryny amala aşyrdy. Olaryň barşynda milli Liderimiz ýerlerde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşdy, gök önümleri, ýeralma öndürýän hojalyklara baryp gördi, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümleriniň sergilerini synlady.

Hormatly Prezidentimiziň iş saparlarynyň netijeleri obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmäge, ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen çözgütleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyňlyk bilen görkezdi.

11-nji iýunda döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň hojalyk düzümini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler bilen tanyşdy. Şol işleriň çäklerinde athanany we sagaldyş-dynç alyş merkezini gurmak, täze ýerleri özleşdirmek, bagçylygy ösdürmek göz öňünde tutulýar.

12-nji iýunda ýurdumyzda Ylymlar güni giňden bellenilip geçildi. Däp bolşy ýaly, şol senä gabatlanylyp birnäçe çäreler geçirildi. Şol çäreleriň hatarynda şu ýyl onlaýn ýagdaýynda geçirilen Halkara ylmy maslahaty, şeýle hem Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ýaş alymlaryň arasynda guralýan bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Şol gün sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi. Onda döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak, ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek, ýerli çig malyň esasynda gurluşyk önümlerini öndürmek, awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýadyny döretmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

15-nji iýunda Arkadag Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän «Altyn kölüň» kenarynda gurlan, dynç alyş düzümine degişli desgalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze dynç alyş zolagy ilkinji myhmanlary kabul edip, paýtagtymyzyň ýyl ýazgysyna ýene-de bir aýdyň sahypany ýazdy. Şol gün milli Liderimiz iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ekin meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýy, milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de geljek üçin wezipeler kesgitlenildi.

18-nji iýunda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda alnyp barylýan şähergurluşyk işleriniň barşy bilen tanşyp, «Garagum» myhmanhanasynyň, 21-nji ýöriteleşdirilen toplumynda mekdebiň we çagalar bagynyň gurluşygyna aýratyn üns berdi.

 

Jumanazar GARAJAÝEW, «Aşgabat» gazetiniň sy­ýasy synçysy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.