Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

RUHUBELENTLIK EÇILÝÄN PURSATLAR

Ka­ka et­ra­by­nyň Hy­waa­bat jülge­sin­de ýer­leş­ýän «Ýa­şyl ýaý­la» ça­ga­lar dynç alyş-sa­gal­dyş merke­zin­de bag­ty­ýar nes­liň şa­dy­ýan gül­ki ses­le­ri has buý­sanç­ly ýaňlan­ýar. Tom­suň hä­zir­ki gy­zyk­ly gün­le­rin­de ol ýer­de we­la­ýa­ty­myzyň dür­li ýe­rin­den ge­len mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň uly to­pa­ry dynç alyş möw­sü­mi­ni ru­hu­be­lent­lik­de ge­çir­ýär. Mu­nuň üçin mer­kez­de dö­re­di­len aja­ýyp şert­ler­dir mümkin­çi­lik­ler ça­ga­la­ra gy­zyk­ly başdan ge­çir­me­le­ri, ýa­kym­ly pur­satla­ry peş­geş ber­ýär.

suratsurat

Mer­kez­de ça­ga­la­ryň ara­synda ýaş aý­ra­tyn­ly­gy­na gö­rä, tä­sirli bäs­le­şik­ler, aý­dym-saz­ly da­bara­lar, sport ýa­ryş­la­ry we beý­le­ki baý ma­ny-maz­mun­ly çä­re­ler geçi­ril­ýär. Ol ýer­de zäh­met çek­ýän ter­bi­ýe­çi mu­gal­lym­lar bol­sa, her bir çä­rä­niň ne­ti­je­li we ýat­da galy­jy bol­ma­gy ug­run­da ta­gal­la ed­ýär­ler. Ola­ryň bu ugur­da­ky tagal­la­la­ry­nyň ýe­ri­ne düş­ýän­di­gi­ne göz ýe­tir­mek has-da ýa­kym­ly­dyr.

Mer­ke­ziň çä­gin­dä­ki sport meý­dan­ça­la­ry we açyk as­ma­nyň as­tyn­da­ky suw how­zy ça­ga­la­ryň aý­ra­tyn hö­wes ed­ýän ýer­le­ri­dir. Olar­da ça­ga­la­ryň spor­tuň dürli gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça öza­ra ýaryş­la­ry ge­çir­mä­ge, sag­dyn ruh­ly, berk be­den­li bo­lup ýe­tiş­me­gi­ne dö­re­di­len şert­ler ün­si çe­ki­ji­dir. Ýaş nes­liň we­kil­le­ri öz­le­ri üçin dö­re­di­len şol müm­kin­çi­lik­ler­den ýer­lik­li peý­da­lan­ma­ga ça­lyşýar­lar. Olar aw­to­mat­laş­dy­ry­lan oýun­lar des­ga­syn­da ýy­gy-ýygy­dan bol­ma­gy ha­la­ýar­lar. Bu des­ga­da­ky döw­re­bap aw­to­matlaş­dy­ry­lan oýun en­jam­la­ry ola­ra en­çe­me he­zil­lik­le­ri eçil­ýär.

Ça­ga­lar te­bi­ga­tyň gö­zel ýerle­ri we ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­leri boýun­ça ge­ze­lenç­le­re uly is­leg bil­dir­ýär­ler. Bu bol­sa, ola­ryň baý te­bi­ga­ty­my­za we buý­sanç­ly ta­ry­hy­my­za bo­lan söý­güsi­ni artdyr­ýar.

 

Pirmuhammet ÇARYÝEW, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kaka etrap Geňeşiniň başlygy.

SU­RAT­LAR­DA: mer­kez­de dynç al­ýan ça­ga­la­ryň dur­muşyn­dan pur­sat­lar

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.