Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SAHAWATLY GARAGUM

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen medenitaryhy ýadygärlikler, ata-babalarymyzyň ömür süren gadymy mesgen-mekanlary gaýtadan öwrenilýär. Üňüz aňyrsyndaky Garagum şeýle ýerleriň biridir.

Mälim bolşy ýaly, Garagum Türkmenistanyň çäginiň 80 göterimden gowragyny tutýan örän uly çägeli sähradyr. Ol günortada Köpetdag, demirgazykda Horezm pesligi, günbatarda Uzboýuň köne hanasy, demirgazykda Amyderýa jülgesi bilen araçäkleşýär. Uzynlygy gündogardan günbatara 800 — 1000 kilometre golaý, ini demirgazykdan günorta — 450 kilometre golaýdyr.

Üňüz — Garagumuň merkezi böleginde ýerleşýän peslik bolmak bilen, takyrlyklardan, şorluklardan ybaratdyr. Onuň ýaýrawy gündogardan günbatara, Amyderýadan tä Ýokary Uzboý gi­ňişligine çenli 470 kilometre uzaýar.

Geografik maglumatlara görä, Üňzüň käbir şorluklarynyň we takyrlarynyň uzynlygy 15 kilometre, ini 2 kilometrden 4 kilometre çenli ýetýär. Ol biri-birinden 40 metre çenli beýgelýän berk jynslardan düzülen «böwetler» bilen bölünendir.

Üň­züň döreýşi barada alymlar dürli döwürlerde dürli pikirleri öňe sürüpdirler. Meselem, W.N.Kunin ony ir döwürde gündogardan Hazara tarap akan köp suwly gadymy Amyderýanyň sag kenary diýip hasaplapdyr. Soň­ra gurak howa şertleri Üň­züň häzirki görnüşini döredipdir. Onuň merkezi böleginde asyrlaryň dowamynda depeler döräpdir.

Üňzüň takyrlyklary ösümlik dünýäsine baýdyr. Onuň takyrlyklarynyň we şorluklarynyň ýakasynda gyrymsy ösümlikler we agaçlar gögerýär.

Üňüz aňyrsyndaky Garagum — Garagumuň demirgazyk bölegi. Meýdany 75 müň inedördül kilometr bolan bu zolak demirgazykda Amyderýanyň gadymy delta düzlügi we Horezm jülgesiniň medeni bölegi, gündogarda Amyderýa jülgesi, günortada Üňüz şorluklarynyň hatary hem-de günbatarda Ýokary Uzboý geçelgesiniň gündogar tarapy bilen çäklenýär.

Üňüz aňyrsyndaky Garagumuň relýefi gum erezlerinden we olaryň arasyndaky oýlardan ybarat bolup, ol günorta-gündogardan demirgazykgünbatara birnäçe ýüz metre çenli peselýär. Bu ýeriň iň beýik nokady Kerwen guýusynyň günorta-günbatary bolup, ol 248 metre ýetýär. De­ňiz derejesinden 81 metr aşakda ýerleşýän Akjagaýa çöketligi bolsa onuň iň pes ýeridir. Onuň günorta-günbatar bölegini gyr erezleri hem-de olaryň arasyndaky uzyn arymlar tutýar. Demirgazygyndan aklaň­ly çäge zolagy ýaýylyp gidýär. Onuň günortasyny bolsa hatara uzalyp gidýän şorluklardan durýan jülge gurşap alýar.

Bu ýeriň suw ýagdaýy çäkli bolup, ol ýerde akar suw ýok. Ygal suw diňe takyrlardaky kaklarda we sardobalarda ýygnanýar. Elbetde, onuň 5 — 50 metr çuň­luklarynda ýerasty suw ýataklary bar, süýji we şorlaşan görnüşleri gabat gelýär. Bu ýerler, esasan, çäge we melemtil-goň­ras toprak bilen örtülendir. Ösümlik örtügi dürli-dürli bolup, ýylak, ýepelek, arpagan we ýowşan köp duş gelýär. Sazak, gandym, çerkez, ojar we borjak köp ösýär.

Bu tebigy zolagyň gyrlary ýowşan, titir bilen örtülendir. Bu ösümlikleriň häsiýetli taraplary barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik kitabynda giň­den maglumat berilýär.

Türkmen topragynyň ýerasty we ýerüsti tebigy baýlyklary ummasyz köpdür. Üňüz aňyrsyndaky Garagum hem şeýle baýlyklara eýe. Bu ýer öwrenere, bilere köp täsinlikleri özünde saklaýar. Mysal getiren maglumatlarymyz bolsa şol täsinlikleriň di­ňe bir ülşüdir.

 

Amanbaý DURDYÝEW, Gubadag etrap hassahanasynyň Kärdeşler arkalaşygynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.