Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

UNAŞ — DATLY TAGAM

Her ge­zek unaş ha­kyn­da gür­rüň açyl­sa, ejem ja­nyň aş ke­si­şi göz öňüm­de jan­lan­ýar. Ejem en­di­gan ýa­ýy­lan ha­my­ra un se­pe­läp ok­lawyň da­şy­na hol­puk ýag­daý­da orap, soň­ra ok­la­wy ha­my­ryň için­den usullyk bi­len sog­rup alar­dy. To­ga­la­nan ha­la ge­len ha­myr ýel­meş­mez ýa­ly, onuň üs­tün­de çep eli­ni ça­la ag­ramlyk­da go­ýup, in­çe­jik edip aş ke­ser­di. Eje­miň aş ke­sen­de ça­la­syn he­reket­len­ýän el­le­ri­ne göz hem il­mez­di. Sa­çyň ta­ryn­dan sä­hel­çe ýo­gyn­lyk­da ke­si­len aş­lar edil bir ga­lyp­dan çy­kan ýa­ly, bir­meň­zeş­di. Kä­ha­lat­lar men du­rup bil­män: «Eje, me­nem ke­sip gö­rä­ýin­dä» di­ýip, eje­miň elin­dä­ki aş py­ça­gy­na ýa­py­şar­dym. Ejem bol­sa: «Ha­ny, kes ba­ka­ly, her bir işi se­re­dip däl-de, özüň edip öw­ren­me­li­dir. Bir ge­zek eý­le­räk bor, bir ge­zek beý­leräk. Yh­las edi­ber­seň ahy­ry bo­la­ýar» di­ýer­di. Men her­nä­çe jan et­sem-de, eje­miň aşy ýa­ly in­çe ke­sip bi­le­mokdym. Men ejem­den: «Eje, on­soň aşy ga­zan­da nä­çe wagt gaý­nat­ma­ly, bi­şe­ni­ni nä­dip bil­me­li?» di­ýip so­ranym­da, ol: «Aş biş­se düý­bü­ne çö­ker, bö­rek biş­se ýü­zü­ne çy­kar» di­ýip­di. Onuň aň­sat­dan düş­nük­li aý­dan bu söz­le­ri me­niň gu­la­gym­da ömür­lik ga­lyp­dy. Men hä­li-hä­zi­rem şu söz­le­ri ýat­la­nym­da ata-ba­ba­la­ry­my­zyň her bir za­dy şeý­le tä­sir­li hem aň­sat ýatda ga­ly­jy edip dü­şün­di­riş­le­ri­ne haýran gal­ýa­ryn.

Una­şy daý­zam ejem­den hem ta­gam­ly bi­şi­rer­di. Men daý­zam­lara köp ba­rar­dym. Her ge­zek ola­ra myh­man­çy­ly­ga ba­ra­nym­da daý­zam unaş bi­şi­rer­di. Me­niň una­şy go­wy gör­ýän­di­gi­mi bil­ýän da­ýym: «Ýe­gen ge­len bol­sa, bu gün ne­sip eden­den unaş iç­mek bar-da» di­ýip, loh-loh gü­ler­di.

Daý­zam ga­za­nyň içi­ne «ýum­ruk ýa­ly» go­wur­dak atyp, üs­tü­ne azajyk so­gan dog­rar­dy-da, oňat edip go­wur­myş­lap, ja­zy­ny taý­ýar­lar­dy. Daý­zam my­da­ma «çor­ba­nyň ýüzün­de so­gan­lar gaý­ma­ly däl­dir» diýip, bi­ze-de öw­re­der­di. Soň­ra bir ki­çi­räk ja­myň do­lu­sy go­wy gy­za­ran po­mi­dor­la­ry hem ow­nuk dog­rap, eger ýok bol­sa, elin gaý­na­dy­lan bir kä­se po­mi­dor go­ýalt­ma­sy­ny go­wurdak­dyr so­ga­nyň üs­tü­ne guýup, olary bi­le go­wur­myş­lar­dy. Ja­zy taý­ýar bo­lan­soň, çor­ba­sy­ny ata­rar­dy. Çym gy­zyl bo­lan çor­ba­nyň içi­ne aý­ra­tyn gap­da gaý­na­dy­lan ki­çi­räk şa­kä­se do­lu­sy möç­be­rin­dä­ki noý­ba­ny hem atyp, ta­ga­my alyş­ýan­ça 15-20 mi­nut gaý­na­dar­dy. Soň­ra gy­ra­deň edi­lip uzyn-uzyn ke­si­len aş­la­ry emaý bi­len se­pe­läp çy­kar­dy-da, usul­lyk bi­len bu­lar­dy. Soň­ra gaý­nap du­ran unaş­ly ga­za­na şä­bil, ys­ma­nak, nar­pyz ýaly ot­lar­dan dog­ra­man, ýap­rak-ýaprak edip sa­lar­dy. 3-4 diş sa­rym­sa­gy hem owun­jak edip dog­rap, aşyň içine atar­dy. Tow­la­nyp-tow­la­nyp ga­zanyň düý­bü­ne dy­za­ýan una­şy gaý­nap dur­ka syn­la­mak has hem tä­sin­di. Daý­zam: «Unaş bi­len bö­re­gi bi­şi­reniň­de ulu­rak gap­da bi­şir­seň, gu­ýanyň­da-da ulu­rak gap­la­ra guý­saň birbi­ri­ne ýel­meş­mez ýa­ly go­wy bol­ýar» di­ýip öw­re­der­di. Şo­nuň üçin ol taý­ýar bo­lan una­şy ulu­rak gap­la­ra bö­lüş­direr­di-de, üs­tü­ne ma­za­ly çal­nan süzme­den bir­ki çem­çe gu­ýar­dy. Ýö­ne ol süz­mä­ni bir­ba­da ýaý­rat­maz­dy. Onuň se­bä­bi­ni şeý­le dü­şün­di­rer­di: «Süzme gyz­gyn aşyň için­de bir­sa­lym dur­ma­sa, ke­si­lip, aşyň gör­kü­nem, ta­ga­my­nam üýt­ged­ýär». On­soň şol aş­dan içip-içip do­ýup bil­mer­siň. Daýym hem bu na­ha­ryň ga­dy­ry­ny bi­lerdi. «Wah, şu una­şy üzül­män­kä içäýseň» di­ýer­di.

Bir ge­zek öý­de unaş bi­şi­rip durkam daý­zam gel­di. Men ke­sip ta­ýynlap go­ýan unaş­la­ry­my ele­giň içi­ne sal­dym-da, eläp baş­la­dym. Daýzam: «Nä­me üçin beýd­ýäň?» di­ýip so­ra­dy. Men onuň üs­tü­ne se­pi­len un­la­ry­ny aýyr­mak üçin ele­ýän­di­gimi aý­da­nym­da, ol ýyl­gy­ryp: «Beý­dip ele­män, ça­la­ra­jyk sil­ke­leş­dir­seň ýetik­di ahy­ry. Eger beýt­seň elin ke­silen una­şyň ur­ba­syz bo­lar-da. Her­giz ýa­dyň­da bol­sun, una­şyň bar lez­ze­ti onuň ur­ba­sy­dyr. Şo­nuň üçin hem, el­de ke­si­len unaş bi­len taý­ýar unaşyň ta­pa­wu­dy ýer bi­len gök ýa­ly­dyr. Eger taý­ýar una­şy ulan­jak bol­saň, onuň çor­ba­sy­ny mä­şe­wä­niň­ki ýa­ly bir­ki çem­çe un gow­rup ta­ýyn­la­saň has ta­gam­ly bo­lar» di­ýip­di. Onuň bu öwü­di me­niň ýa­dym­da ömür­lik galdy.

Bur­çak-bur­çak der­läp unaş içensoň, ada­myň örü­si gi­ňäp, en­da­my ýum­şa­ýar. Süň­ňi ýeň­läp, keý­pi çag bol­ýar. Burç­lap içi­len una­şyň dümew­den sap­la­ýan­dy­gy bol­sa ga­dym dö­wür­ler­den bä­ri mä­lim­dir. Türk­men sa­ça­gy­nyň dat­ly ta­gam­la­ry­nyň bi­ri bo­lan una­şy ýy­lyň haý­sy pas­ly­dygy­na ga­ra­maz­dan, iş­dä açy­jy, ke­sel be­je­ri­ji ta­gam hök­mün­de iý­mek peýda­ly ha­sap­la­nyp ge­lin­ýär. Goý, asuda Di­ýar­da er­ka­na zäh­met çek­ýän ag­zy­bir hal­ky­my­zyň sa­çak­la­ry­nyň be­re­ke­di eg­sil­me­sin!

 

Aknabat MUHAMMEDOWA, Ak bugdaý etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň hasapçy-gaznaçysy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.