Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ARKADAGYŇ SAÝASYNDA BAGTYÝARDYR ILIMIZ

«Bag­ty­ýar ile toý­lar goşa-go­şa­dan gel­ýär» diý­li­şi ýa­ly, aras­sa as­ma­nyň astyn­da, pa­ra­hat, asu­da Zemi­niň üs­tün­de, mäh­ri­ban Ar­kadagy­my­zyň sa­ýa­syn­da be­ýik ösüş­ler bi­len öňe barýan eziz Wa­ta­ny­my­zyň bagty­ýar gu­ja­gyn­da bel­le­nil­ýän toý­la­ry­myz to­ýa ulaş­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len bel­le­nil­ýän Mede­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­ni baý­ram­çy­ly­gy­nyň bir gün­de bi­le­lik­de bel­le­nilme­gi aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan pa­ra­sat­ly iş­le­ri­niň ne­tije­sin­de Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de türk­men me­de­ni­ýe­ti­ne, sun­ga­ty­na uly üns be­ril­ýär. Söz sun­ga­ty­my­zyň sarpa­sy-da be­lent tu­tul­ýar.

Ha­wa, türk­men hal­ky­nyň baý ede­bi­ýa­ty, mi­ra­sy bar. Ede­bi­ýaty­my­zy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­syz göz öňü­ne ge­tir­mek müm­kin däl.

Mil­li Li­de­ri­miz Türk­me­nista­ny ös­ýän, öz­ger­ýän, bat­ly gadam­lar bi­len öňe bar­ýan ýurt hökmün­de dünýä ta­nat­dy. Hal­ky­myzyň ag­zy­bir­li­gi, mil­li Li­de­ri­mi­ziň tö­we­re­gi­ne mä­käm je­bis­leş­me­gi gör­lüp-eşi­dil­me­dik üs­tün­lik­le­re ýe­tir­di. Hormat­ly Pre­zidentimiziň Türk­me­nis­ta­nyň jem­gy­ýetçi­lik-sy­ýa­sy gu­ra­ma­la­ry­nyň we me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň we­kil­le­ri bi­len ge­çi­ren du­şu­şy­gyn­da ýaşla­ry mil­li ýol-ýö­rel­ge­le­ri­miz esa­syn­da ter­bi­ýe­le­mek, Wa­tan mu­kad­des­li­gi­ni, maş­ga­la gymmat­ly­gy­ny dü­şün­dir­mek, wa­gyz et­mek ba­ra­da­ky tab­şy­ryk­la­ryndan ugur alyp, Türk­me­nis­ta­nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň Bal­kan we­la­ýat ko­mi­te­ti bu ugur­da ýaşla­ry­my­zyň ara­syn­da yzy­gi­der­li wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri­ni ge­çi­rip dur­ýar. Ýa­kyn­daTürk­me­nis­ta­nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň Sy­ýasy Ge­ňe­şi­niň Bal­kan we­la­ýat, Bal­ka­na­bat şä­her ko­mi­tet­le­ri­niň, we­la­ýat Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry bir­le­şi­gi­niň, we­la­ýat Me­de­ni­ýet mü­dir­li­gi­niň bi­le­lik­de gu­ra­magyn­da Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tymgu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­ni my­na­sy­bet­li «Ar­ka­dag­ly Di­ýar­da jo­şa gel­ýär kal­by­myz» ady bi­len aý­dym-saz­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şigi ge­çi­ril­di. Bäs­le­şi­giň mak­sa­dy he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 25 ýyl­ly­gy­ny da­ba­ra­lan­dyr­mak­dan, hor­matly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk syýa­sa­ty­ny hem-de Wa­ta­ny­my­zyň ösüş­le­ri­ni wasp et­mek­den ugur alyp, dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lanýan ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ryň ze­hi­ni­ni, ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny ös­dür­mekden yba­rat bol­dy. Bäs­le­şik üç şert­den yba­rat bo­lup, şa­hyr­lar he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lygymyz hakyn­da öz dü­zen goş­gu­la­ry­ny ýat­dan aýt­mak­da, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gynyň is­len­dik goş­gu­sy­nyň ma­ny-maz­mu­ny­ny, äh­mi­ýe­ti­ni çe­per dü­şün­dir­mek­de, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň her et­rap, şä­her bo­ýun­ça alyp ba­rýan ösüş­le­ri­ni çe­per wasp et­mek­de we mähriban Ar­ka­dagy­my­za al­kyş­na­ma aýtmak­da bäs­leş­di­ler. Ne­ti­je­de birin­ji or­na Be­re­ket şä­he­ri­niň 15- nji or­ta mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my Jä­ne­gül Gur­ba­no­wa, ikin­ji or­na Esen­gu­ly şä­he­ri­niň 2-nji or­ta mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my Arazdur­dy Araz­dur­dy­ýew, 3-nji or­na Bal­kan we­la­ýat iç ke­sel­ler hassa­ha­na­sy­nyň hü­när­me­ni Hu­maý Ke­lo­wa da­gy my­na­syp bol­dy. Bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­ne we oňa gat­na­şan­la­ra Türk­me­nis­ta­nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň Balkan we­la­ýat ko­mi­te­ti­niň, we­la­ýat Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry bir­le­şi­giniň Hor­mat ha­tlary we gym­mat ba­ha­ly sow­gat­la­ry gow­şu­ryl­dy.

Şeý­le bag­ty­ýar, eş­ret­li döwri hal­ky­na ba­gyş ed­ýän, mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ze, sun­ga­ty­my­za aý­ra­tyn sar­pa goý­ýan, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za nä­çe al­kyş aýtsak-da az­dyr. Goý, hal­ky­my­zyň ýü­rek­den çyk­ýan al­kyş­la­ry eziz Ar­ka­dagymy­zyň öm­rü­ne ömür goş­sun!

 

Bibiaýşa SAPAROWA, TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýynça ýerine ýetiriji.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.