Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SAGDYN DURMUŞ KEŞBIMIZ

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň esasynda, halkymyzyň saglygyny gorap saklamak, ilatyň dürli ýokanç we ýokanç däl keseller bilen kesellemeginiň öňüni almak babatda ägirt uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda mähriban Arkadagymyzyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş, jemgyýetçilik guramalary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we beýleki degişli ulgamlaryň öňünde goýan wagyz-nesihat işlerini işjeňleşdirmek bilen bagly hem üznüksiz çäreler görülýär.

Lukmançylyk ylmynyň gazananlaryndan mälim bolşy ýaly, orta we gartaşan ýaşdaky adamlaryň bedeninde madda çalşygynyň peselmegi, hereketiň az bolmagy bedende ýag gatlaklarynyň emele gelmegi we daş keşbiň az möçberde üýtgemegi ýaly ýagdaýlara sebäp bolup bilýär. Bu ýaşda köp keseller, esasan-da ýokanç däl keselleriň başlangyjy nädogry iýmitlenmek we gipodinamiýa (az hereketlilik) netijesinde ýüze çykýar. Bu keselleriň howply ýagdaýlary adamlaryň durmuş ýaşaýşy bilen baglanyşykly: semizlik, dogry iýmitlenmezlik, az hereketlilik, zyýanly endikler ýaly ýagdaýlar bolup durýar. Bular babatda, dürli ýaşda we saglyk ýagdaýynda bolmagyna garamazdan, raýatlaryň öz saýlap almaklary ýa-da lukmanyň maslahat bermegi bilen, işjeň hereketliligi gazanmak üçin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, şeýle-de dogry iýmitlenmegiň kadalaryny özleşdirmegi zerurdyr.

Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen, bütin dünýäde ykdysady çökgünliligiň dowam edýän häzirki döwründe hem ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen ekologiki taýdan arassa, ter gök we bakja önümleri, gaýtadan işlenen azyk önümleri bilen diňe bir öz halkymyzy artygy bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem dünýä ýurtlaryna eksport etmek üçin hem uly möçberde öndürilýär. Şeýle-de, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki işinde görkezilen, ýurdumyzda ösýän dermanlyk otlardan taýýarlanan melhem çaýlary şu günki gün halkymyza elýeterlidir. Şulardan hem görnüşi ýaly, biziň ýurdumyzda raýatyň özüniň hususy saglyk ýagdaýyny gorap saklamagynda, peýdaly endikleri özleşdirmeginde hem döwletimiziň düýpli goldawyny duýmak bolýar.

Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek, orta ýa-da gartaşan ýaşda bolmaklaryna garamazdan, raýatlaryň beden taýdan işjeň hereketde bolmagyny, ýaşaýyş-durmuş sazlaşygyny berk goramagyny, hususan-da dogry iýmitlenmek kadalaryny berjaý etmegi talap edýär. Bu babatda ýurdumyzda ilat, aýratyn-da ösüp gelýän ýaş nesiller üçin ýaramaz endiklerden daş durmak, saglygyňa zyýan ýetirýän nogsanlyklary wagtynda aradan aýyrmak bilen bagly adamyň gös-göni özüne bagly bolup durýan aýratynlyklar giňden wagyz edilýär. Lukman Hekim adyny alan Ibn Sina: «Eger-de beden terbiýesi bilen meşgullansaň, onda köp dermanlary ulanmagyň geregi bolmaz, ýöne munuň üçin diňe düzgüni berjaý etmek zerurdyr» diýip, belläp geçýär.

Ýurdumyzda adamlaryň saglygy bilen bagly arassa agyz suwy bilen üpjünçilik meseleleri üstünlikli çözülendir. Şeýle ýagdaýda arassa howada irki maşklary ýerine ýetirmegi, gezelenç etmegi öz hususy endigiňe öwürmek, ýola çykanyňda agyz-burun örtügini dakynmak raýatlaryň ýokuşyp biljek kesellere garşy durujylyk ukybyny ösdürýän ýagdaýlardyr. Her bir halatda arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek biziň ata-babalardan, ene-mamalardan miras bolup gelýän asylly däbimizdir. Olara eýermek adamyň we şonuň üsti bilen jemgyýetiň sagdyn bolmagyna mümkinçilik berýär. Sagdyn durmuş ýörelgesini berk berjaý etmek adamda maşgala, ojak, rysgal-döwletlilik ýaly mukaddeslikler barada düýpli oýlanmagy, olara aýawly çemeleşmegi terbiýeleýär.

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän adamlar ýaşaýşa höwesli, ruhubelent, geljege ynamly bolýarlar. Şonuň ýaly-da, döredijilikli zähmete, şeýle hem zähmetiniň netijelerine, miwelerine gyzyklanma bilen garaýarlar. Bu häsiýetler biziň mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen ösüşlerden-ösüşlere barýan berkarar döwletimiziň bagtyýar geljegi, jemgyýetimiziň sagdyn ösmegi üçin oňlanylýan häsiýetlerdir.

Goý, ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan, halkymyzyň saglygy, nesillerimiziň bagtyýar geljegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, işleri rowaç bolsun!

 

Parahat KAKAJANOW, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.