Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SYRLY GEP — PALAWLY GAZAN

Ependi gije-gündiz işleýär ekeni, ýöne gazanany iýjegine ýetenok ekeni. Ol gyşyň sowuk günlerem barly adamlaryň odunlaryny döwüp berip, çagalaryna çörek gazanar ekeni. Günleriň birinde il-günüň gyşlaýşyny göreýin diýip Soltan Sanjar wezirinem ýanyna alyp, köçeme-köçe aýlanyp ýörkä odun aýryp duran Ependä gabat gelipdir.

— Sen kim borsuň?

— diýip, Beýik Soltan oňa ýüzlenipdir. — Men Ependi.

— Ependi bolsaň on ikiden üçüsini alsaň bolmaýarmy?

— diýip, Beýik Soltan oňa agyr nazaryny aýlapdyr.

— Otuz ikime ýetenok-da, Soltanym. — Bir gaz ibersem ýelegini ütüp berermiň?

— Ütüp bererin, Soltanym. Beýik Soltan öz ýoluna gidipdir. Onuň weziri Ependi bilen bolan sözüň manysyna hiç düşünip bilmändir. Bu hozuň maňzyny nädip çakjagyny bilmän aýalyna-da Beýik Soltan bilen Ependiniň arasyndaky bolan gürrüňi aýdyp beripdir. Aýalam bu syrly söze düşünmändir. Ol öňem gorkudan näderini bilmeýän ärini beter gorkuzypdyr. — Bu ýerde uly bir syr bar. Bu sözüň syryny ahyr bir güni Beýik Soltan sizden sorar. Bilmeseňiz başyňyz gider. Şonuň üçinem Ependiniň ýanyna gidip, ol sözüň syryny soraň, nähili baýlyk islese beriň. Kelle aman bolsa telpek tapylar  — diýipdir. Etegine ot düşen wezir Ependiniň ýanyna baryp, Beýik Soltan bilen eden gürrüňiniň syryny sorapdyr. Ependiniň aýtjak gumany barmy?! “Aýtman” diýip başyny ýaýkap dur diýýär. — Ýüz tylla bereýin, aýdaý.

— Men ony nädip aýdaýyn, ol Beýik Soltanyň syry ahyryn. — Müň tylla bereýin.

— Haý, bolýa-da Beýik Soltanam günämi geçer-dä. Hany müň tyllany bäri al, onsoň aýdyp bereýin. Wezir şol bada müň tyllaly haltasyny goltugyndan çykaryp, Ependä beripdir.

— Hany, indi aýdyň-da?

— diýip özelenipdir.

— Beýik Soltan “on ikiden üçüsini alsaň bolmaýarmy?” diýdi. Bir ýylda on iki aý bolýar. Beýik Soltanyň ol diýdigi “Dokuz aý işläp, üç aý gyşda dynç alsaň bolmaýarmy?” diýdigi. Meniň “Otuz ikime ýetmeýär” diýdigim, “Çagam köp, dokuz aý işläp, gazananym üç aý iýmäge ýetenok” diýdigim. Beýik Soltan “Bir gaz ibereýin, perlerini ütüp berermiň?” diýdi. “Menem ütüp bererin” diýdim. Ine, ol seni meniň ýanyma gelmäge mejbur edipdir, menem seniň perleriňi ütdüm

— jübiňi boşatdym —  diýip, loh-loh

— gülüp, ol “Syrly gep, palawly gazan”

— diýip, sözüniň üstüne goşupdyr. Ine, şondan soňam bu nakyl il içine ýaýrapdyr.

 

 Taýýarlan Amanmyrat ÝAMADOW. Wekilbazar etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň geografiýa mugallymy, KA-nyň işjeň agzasy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.