Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GEŇEŞLI IL — DÖWLETLI IL

Han­mu­ham­met AMAN­GU­LY­ÝEW, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Ak bug­daý et­rap bir­leş­me­si­niň baş­ly­gy:

— Maslahatda halkymyzyň işjeň gatnaşmagynda taýýarlanylan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyna seredildi we ol biragyzdan makullandy. Esasy Kanunymyza girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň palatalarynyň deň­hukuklylyk, özbaşdaklyk, adalatlylyk, açyklyk we aýdyň­lyk ýörelgeleri esasynda sazlaşykly işlemegini üpjün etmegiň berk hukuk binýadyny emele getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Ata Watanymyzda giň­den ýaýbaň­landyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekde we demokratik başlangyçlary mundan beýläk-de ösdürmekde kabul edilen çözgütleriň ähmiýeti örän uly bolar. Şeýle taryhy çözgütleriň kabul edilmegine işjeň gatnaşandygymyza buýsanýarys. Taryhy wakalara şaýat bolmaga, jemgyýetçilik-syýasy işlere işjeň gatnaşmaga giň mümkinçilik döredendigi üçin hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyş aýdýarys. Nesip bolsa, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň bu gezekki taryhy mejlisinden gelip çykýan wezipeleri etrabymyzyň ýaşaýjylarynyň arasynda wagyz-nesihat etmekde, düşündirmekde netijeli işleri alyp bararys.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.