Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“TÄZE KONSTITUSION KANUNYŇ KABUL EDILMEGI TARYHYŇ SAHYPALARYNDA ALTYN HARPLAR BILEN ÝAZYLAR” ATLY TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA GEPLEŞIGI GEÇIRILDI.

Şu gün Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň edara binasynda Aşgabat teleýaýlymy bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde gurnamaklarynda “Täze Konstitusion kanunyň kabul edilmegi taryhyň sahypalarynda altyn harplar bilen ýazylar” atly tegelek stoluň başynda gepleşigi geçirildi.

Gepleşigi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgäri Göwher Gelenowa alyp baryp, onda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri Şemşat Setdarowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Halk maslahatynyň agzasy Begenç Baýramow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Parahat Kakajaýew, çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.