Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GÖRELDELI ZÄHMETE BELENT SARPA

Aşyr­dur­dy AL­LA­ÝEW, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Da­şo­guz we­la­ýat bir­leş­me­si­niň baş­ly­gy, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­ta­ty, Türk­me­nis­ta­nyň «Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy» di­ýen adyň eýesi:

— Berk binýatly mähriban Watanymyzyň baş baýramy bolan şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň Permany bilen ma­ňa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen sarpaly at berildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýaşulusy bolmak uly bagt. Şeýle mertebä eýe eden Gahryman hem mähriban Arkadagymyza müň mertebe sagbolsun aýdýaryn.

Jemgyýetçilik guramasynda zähmet çekip, Watanymyzyň ösüşine, berkarar döwletimiziň hukuk binýadynyň berkemegine, milli ýol-ýörelgelerimiziň pugtalandyrylmagyna goşan goşandym üçin Gahryman Arkadagymyzyň uly ynam bildirip, «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmagy hem-de bu beýik ada jemgyýetçilik guramasynyň wekili hökmünde eýe bolmagym meniň ýaş nesilleriň we Watanyň öňündäki jogapkärçiligimi has-da ýokarlandyrdy. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Garaşsyzlyga guwanmak, Watana hyzmat etmek iň uly bagtdyr. Zähmet bilen abraý-mertebä ýetip bolýandygyny biziň adyl, demokratik, dünýewi döwletimiziň mysalynda aýdyň görüp bolýar. Sebäbi ýurduň esasy Kanunynda kesgitlenilişi ýaly, Türkmenistanda döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adam sarpasyny şeýle belent derejä göterip bilýän ýurduň bolsa geljegi rowana, ýollary nuranadyr.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň abraý-mertebesini äleme ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe oňuna bolsun! Biz geljekde-de bu belent borja gulluk edip, mähriban Watanymyza hyzmat ederis.

 

Ýazga geçirenler Ysmaýyl TAGAN, Şamyrat MUHAMMETGURBANOW, Aýmyrat PIRJIKOW. «Türkmenistan».

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.