Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GARAŞSYZLYGYMYZYŇ TOÝ GÜNLERI

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­lygyn­da döw­le­ti­miz dün­ýä­niň iň owa­dan ýur­dy, yn­san mer­te­be­si­niň be­lent­de tutul­ýan döw­le­ti hök­mün­de meş­hur­ly­ga eýe bol­ýar. Mu­nuň göz­ba­şyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öňe sür­ýän, üs­tün­lik­li durmu­şa ge­çi­ril­ýän «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen baş ýö­rel­ge­si bar.

Şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň öňü­sy­ra­synda hal­ky­myz hoş ha­bar­la­ryň bir­nä­çe­si­niň şa­ýa­dy bol­dy. 25-nji sent­ýabr­da ýur­du­myzda hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gynda, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si ge­çi­ril­di. Aja­ýyp gün­le­riň ta­ry­hy wa­ka­sy­na öw­rü­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň üçün­ji mej­li­sin­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da hal­kyň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ri­len oňyn baş­lan­gyç­laryň bir­nä­çe­si öňe sü­rül­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­da durma­gyn­da, ýur­du­myz­da ra­ýat­la­ryň çek­ýän ha­lal zäh­me­ti­ne uly sar­pa go­ýul­ýar. Baýram­çy­lyk­lar we şan­ly se­ne­ler my­na­sy­betli, zäh­met­de ta­pa­wut­la­nan il­deş­le­ri­mi­ze döw­let sy­lag­la­ry gow­şu­ry­lyp, Şa ser­paýla­ry ýa­pyl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Per­ma­ny bi­len, Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň, hal­ky­my­zyň öňün­de bi­ti­ren aý­ra­tyn hyzmat­la­ry, köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da çe­ken ha­lal, yh­las­ly, gö­rel­de­li zäh­me­ti, hü­när us­sat­ly­gy na­za­ra al­nyp, il­deş­le­ri­mi­ziň birnä­çe­si­ne Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­lagla­ry, hor­mat­ly at­la­ry — Türk­me­nis­ta­nyň «Ze­nan kal­by» or­de­ni weTürk­me­nis­ta­nyň «Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy» di­ýen at bi­len sylag­la­nyl­dy. Şol my­na­sy­bet­li 26-njy sentýabr­da, Türk­me­nis­ta­nyň Jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry mer­ke­zi­niň mej­lis­ler za­lyn­da da­ba­ra ge­çi­ril­di.

Biz hem ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nilýän şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 29 ýyl­lyk baý­ra­my my­na­sy­bet­li, sy­lag-ser­paý­la­ra my­na­syp bo­lan­la­ry mä­hir­li gut­lap, ola­ryň bir­nä­çe­si­niň ýü­rek söz­le­ri­ni oky­jy­la­ry­myza ýe­tir­ýä­ris:

Myrat HAITOW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyň eýesi:

— Ösü­şiň be­lent­lik­le­ri­ne sa­ry öňe bar­ýan Di­ýa­ry­my­zyň her bir gü­ni zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne bes­len­ýär. Mu­nuň özi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen baş ýö­rel­ge­si­niň dur­muş ýü­zün­dä­ki aý­dyň be­ýa­ny­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň biz üçin dö­re­dip ber­ýän müm­kin­çi­lik­le­rinden peý­da­la­nyp, bu ösüş-öz­ge­ri­şe go­şan­dy­my­zy goş­mak her bi­ri­mi­ziň mu­kad­des bor­ju­myz­dyr

Men şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 29 ýyl­lyk baý­ra­my myna­sy­bet­li, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Per­ma­ny bi­len, Türkme­nis­ta­nyň «Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy» di­ýen hor­mat­ly ada mynasyp boldum.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bi­ze ba­gyş ed­ýän döw­let sy­lagla­ry, dak­ýan hor­mat­ly at­la­ry, Şa ser­paý­la­ry bi­ziň mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň, eziz hal­ky­my­zyň bagt­ly gel­je­gi üçin mun­dan beý­läk­ki çek­me­li ha­lal hem-de yh­las­ly zäh­me­ti­mi­ze bil­di­rilen ynam­dyr. Bu mu­kad­des yna­my ödäp, bi­ziň her bi­ri­miz öz or­nu­myz­da äh­li gu­jur-gaý­ra­ty­my­zy, dö­re­di­ji­lik güý­jü­mi­zi sarp edip yh­las­ly iş­lä­ris di­ýip ynan­dy­ra­sym gel­ýär! Şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 29 ýyl­lyk baý­ra­my bi­len Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zy, hal­ky­my­zy tüýs ýü­re­gim­den gut­la­ýa­ryn! Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze uzak ömür, jan sag­lyk, döw­let­li iş­le­rin­de he­mi­şe üs­tün­lik ar­zuw ed­ýä­ris!

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.