Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GARAŞSYZLYK — BERK ARARLYK BUÝSANJY

Bu gün türkmen halky hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda baş baýramymyz — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýigrimi dokuz ýyllyk toýuny uludan belläp geçýär. Şeýle uzak bolmadyk wagt aralygynda — 29 ýylyň içinde ösüşiň özbaşdaklyk ýoluna düşen Türkmenistan häzirki wagtda durmuş-ykdysady taýdan ösen döwlete öwrüldi hem-de özüniň döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirýän ýurt hökmünde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edildi.

Özbaşdaklygyň ilkinji günlerinden başlap, milli ösüş ýoluny kesgitlän ýurdumyz döwrüň talabyna laýyklykda özgertmeleriň giň toplumyny amala aşyrdy. Ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we halkymyzyň abadan geljegini üpjün etmek ugrunda täze senagat kärhanalary guruldy hem-de hususyýetçilige giň ýol açyldy. Daşary syýasatda ýakyn goňşy döwletler we beýleki daşary ýurtlar hem-de halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Şonuň bilen birlikde, taryhymyzy öwrenmek, ata-babalarymyzyň geçen şöhratly ýolunda halkymyza miras goýan baý medeniýetimizi gaýtadan dikeltmek we dünýä ýaýmak boýunça uly işler durmuşa geçirildi. Munuň özi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň miwesidir, ata-babalarymyzyň şöhratly ýolunyň dowamydyr.

Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda tanalmaz derejede özgerip, halkara giňişliginde özüniň mynasyp ornuny tapdy. Çärýek asyrdan gowrak wagt mundan ozal gazanan uly üstünligimiz bolan Garaşsyzlygymyz halkymyza ajaýyp döwri peşgeş berdi. Munda ata-babalarymyzyň şanly geçmişi bilen, dünýä giňişliginde belent mertebä eýe bolan ýurdumyzyň ähli babatlarda ösüşlere beslenýän häzirki döwrüniň sazlaşygy bar. Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşaýan we Türkmenistan döwletimiziň belent ösüşleri nazarlaýan bu döwri, dünýä içre ykrar edilen milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesi bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüdir. Şeýle ajaýyp zamanada gazanylýan beýik ösüşlerimiziň gözbaşynda bolsa, ýurdumyzy belent sepgitlere tarap alyp barýan, sebit we dünýä derejesinde halkara başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyz dur.

Hormatly Prezidentimiz döwlet başyna geçen ilkinji gününden başlap, Garaşsyz Türkmenistan döwletimizi kuwwatly ösen döwlete öwürmek boýunça uly başlangyçlary öňe sürdi we giň gerimli işleri durmuşa geçirdi. Munuň özi ýurdumyzyň geljekki belent ösüşlerine — şanly geljege tarap ýol açdy, döwletimiziň halkara giňişligindäki ornuny has-da pugtalandyrdy. Indi Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy derejesinde iki gezek ykrar edilen ýeke-täk ýurt, ýagty geljege tarap ynamly öňe barýan döwlet. Öz nobatynda ýurdumyzyň iň täze taryhynda ýetilen bu belent sepgitleriň ählisi geçmişde dünýä ösüşine uly goşant goşan türkmen halkynyň uzak garaşan döwlet Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýar.

 

Ça­ry MÜL­KI­ÝEW, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şy­gy­nyň il­kin­ji gu­ra­ma­sy­nyň baş­ly­gy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.