Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

«AK ALTYNLY» ATYZLARDA

Mary welaýatynda iri etraplaryň biri bolan Baýramaly etrabynyň pag­ta­çy­la­ry «Türk­me­nis­tan — Bita­rap­ly­gyň me­ka­ny» ýy­ly­ny uly zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmak üçin pagta ýygymyny ýokary guramaçylyk bilen alyp bar­ýar­lar. Et­rap bo­ýun­ça 21.400 gektar meýdana gowaça ekilip, şon­dan Wa­tan har­ma­ny­na 45 müň 400 ton­na «ak al­tyn» tab­şyr­ma­gy borç edindiler.

Häzirki wagtda etrabyň «Murgap», «Tä­ze dur­muş», Aga­ýu­sup adyndaky, Magtymguly adyndaky daýhan birleşiklerinde ýygym işi has güýçli depginde alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp beren kuwwatly pagta ýygýan kombaýnlarynyň ençemesi daýhanlaryň daýanjy bolup, ak hanaly atyzlaryň bezegine öwrüldi. Kärendeçiler pagtany zaýasyz ýygnamak üçin tehnikalaryň güýjünden ýerlikli peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Baýramaly etrap birleşmesi tarapyndan pagtaçy zähmetkeşleriň arasynda bäsleşik yglan edilip, ol her on günden jemlenilýär, bäsleşikde ýeňiji bolanlara gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Oba zähmetkeşlerine bereketli hasyly ýetişdirmekde hem ýitgisiz ýygnamakda goldaw berýän, halal zähmete giň ýol açýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt ähmiýetli alyp barýan işleri rowaç bolsun!

 

Muhammetberdi SEÝITLIÝEW, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Baý­ra­ma­ly et­rap bir­leş­me­si­niň baş­ly­gy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.