Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

EKOLOGIÝA WE ADAM SAGLYGY

Yn­sa­nyň dur­mu­şy daş­ky gur­şaw, te­bi­gat bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­dadyr. Eko­lo­gi­ýa soň­ky bir­nä­çe on­ýylly­gyň do­wa­myn­da adam­zat jem­gy­ýetin­de iň ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­riň uly bö­le­gi­ni özün­de jem­le­ýän hem-de ýygy-ýy­gy­dan ýüz­le­nil­ýän ug­ra öw­rüldi. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ata Wa­tany­myz­da eko­lo­gi­ýa­ny go­ra­ma­ga, tebi­gy baý­lyk­la­ry­myz­dan re­je­li peý­dalan­ma­ga uly üns be­ril­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len ýurdu­myz­da uzak­möh­let­le­ýin eko­lo­gi­ýa mak­sat­na­ma­la­ry iş­jeň he­re­ket ed­ýär. Ata Wa­ta­ny­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek, te­bi­gat we onuň baý­lyk­lary­ny aýaw­ly sak­la­mak ba­ra­da ila­tyň dü­şün­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň hu­kuk bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak ba­bat­da uly iş­ler üstün­lik­li ama­la aşy­ryl­dy.

Eko­lo­gi­ýa we daş­ky gur­şa­wy go­ramak ul­ga­my bo­ýun­ça ka­nun­çy­lyk binýa­dy hal­ka­ra ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär. «Te­bi­ga­ty go­ra­mak ha­kyn­da», «Aý­ra­tyn go­ral­ýan te­bi­gy ýer­ler ha­kyn­da», «Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li stra­te­gi­ýa­sy», «Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­sy», «Ozon gat­la­gy­ny go­ra­mak ha­kyn­da», «Ba­lykçy­lyk we su­wuň bio­lo­gik se­riş­de­le­ri­ni go­rap sak­la­mak ha­kyn­da», «Ösüm­lik dün­ýä­si ha­kyn­da», «Haý­wa­nat dün­ýä­si ha­kyn­da», «Öri meý­dan­la­ry ha­kyn­da», «Ga­lyn­dy­lar ha­kyn­da», «At­mos­fe­ra ho­wa­sy­ny go­ra­mak ha­kyn­da», «Ekolo­gi­ýa sel­jer­me­si ha­kyn­da», «Eko­logi­ýa au­di­ti ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry­nyň ka­bul edil­me­gi­niň ähmi­ýe­ti örän ulu­dyr.

Eko­lo­gik ýag­da­ýy go­wu­lan­dyr­makda ýa­şyl ösüm­lik­ler aý­ra­tyn äh­mi­ýetli ha­sap­lan­ýar. Se­bä­bi gür bag­lyk­lar, dür­li ösüm­lik­ler ho­wa­ny kis­lo­rod bi­len baý­laş­dyr­ýar, onuň dü­zü­mi­ni aras­sa­la­ýar, mu­nuň özi, ada­myň sagly­gy­na oňyn tä­sir ed­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len, her ýyl ýur­du­myz­da agaç na­hal­la­ry­nyň mil­lion­lar­ça düý­bü­niň otur­dyl­ma­gy asyl­ly dä­be öw­rül­di. Olar ýur­du­my­zyň oba­dyr şä­her­le­ri­ne görk ber­mek bi­len bir­lik­de, eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga mö­hüm tä­sir ed­ýär.

Her bir yn­sa­nyň sag­ly­gy onuň baý­ly­gy­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň her bir ra­ýa­ty­nyň bu baý­ly­ga eýe bol­ma­gy üçin, ila­tyň sag­lyk ýag­da­ýy­nyň düýp­gö­ter go­wulan­dy­ryl­ma­gy üçin uly ala­da­lar edýär, döw­re­bap en­jam­laş­dy­ry­lan saglyk öý­le­ri, has­sa­ha­na­lar, şy­pa­ha­na­lar, sport mek­dep­le­ri we sta­dion­lar gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Ra­ýat­la­ry­my­zyň ara­syn­da ýo­kanç we ýo­kanç däl kesel­ler ba­ra­da dü­şün­di­riş iş­le­ri ge­çiril­ýär. Şeý­le-de, se­miz­lik, tä­ze howply dö­re­me­ler, ýo­ka­ry gan ba­syş we süý­jü­li dia­bet ke­se­li­niň öňü­ni al­mak, fi­zi­ki iş­jeň­li­giň peý­da­sy ba­ra­da degiş­li mas­la­hat­lar be­ril­ýär. Ila­tyň jan sag­ly­gy ba­ra­da­ky ala­da­nyň döw­let syýa­sa­ty de­re­je­si­ne gö­te­ril­me­gi sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne yh­lasly zäh­met çek­mä­ge uly iter­gi ber­ýär. «Döw­let adam üçin­dir!» diý­len baş ýö­rel­ge döw­le­ti­mi­ziň ösü­şi­niň esa­sy öze­ni­ni düz­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­siniň düýp­li ýo­kar­lan­ma­gyn­da, yn­san sag­ly­gy ba­ra­da­ky taý­syz ta­gal­la­la­ryň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gyn­da aý­dyň gö­rün­ýär.

Goý, ata Wa­ta­ny­my­zy ösüş­le­riň ak ýol­la­ry bi­len öňe alyp bar­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag, öm­ri uzak, be­ýik iş­le­ri ro­waç bol­sun!

 

Aý­gözel PIRNAZAROWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygy bo­ýunça esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.