Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BELENT BUÝSANJYŇ BEÝANY

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi we onda möhüm çözgütleriň kabul edilmegi, oňyn başlangyçlaryň, teklipleriň öňe sürülmegi «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň taryhy wakalarynyň biri boldy. Halk Maslahatynyň mejlisinden gelip çykýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly dürli çäreler şu günler ýurdumyzyň çar künjünde giňden ýaýbaňlandyryldy. Şeýle çäreleriň biri Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebinde geçirildi. Welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň we saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen maslahata saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, talyp ýaşlar we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden taryhy çykyşynda ynsan saglygy ähli zatdan belentde goýulýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, şol sanda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda saglygy goraýyş işgärleriniň durmuş hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga berilýän ünsüň güýçlendirilmelidigi hakynda durup geçdi. Şeýle-de, hormatly Prezidentimiz «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ilatynyň ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, saglygy goraýyş işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak hem-de ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen Karara gol çekdi. Onda dünýäde dörän ýiti ýokanç keseliň ýurda getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almagyň çäginde raýatlaryň saglygyny berkitmäge we goramaga gatnaşýan döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna şol işleri ýerine ýetirýän döwründe goşmaça hak tölemegiň bellenilmegi hem-de beýleki durmuş ýeňillikleriniň döredilmegi olaryň başyny göge ýetirdi.

Maslahatyň dowamynda çykyş eden saglygy goraýyş işgärleri şular dogrusynda nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyzyň özlerine bildirýän uly ynamyny ödemekde gije-gündiz tutanýerli, halal zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar. Özleriniň işlerinde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan döreýän ajaýyp eserlerinden, aýratynam «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli kitabyndan ugur alýandyklaryny, hormatly Prezidentimiziň lukmanlara berýän öwüt-ündewlerini öz iş tejribelerinde ýol-ýörelge edinýändiklerini buýsanç bilen bellediler. Mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, ynsan saglygyny goramakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa geçirmekde alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Nursoltan Dep­bi­ýe­wa, «Balkan».

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.