Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

NURANA ERTIRLERIŇ GÜWÄSI

Mähriban Watanymyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan halk bähbitli işler milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň alamatydyr.

Güneşli ülkämizi hemmetaraplaýyn ösdürmek hormatly Prezidentimiziň durmuş syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlup, ulanylyşa girizilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalar, täze obalardyr şäherçeler muňa doly şaýatlyk edýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistany dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşmak, onuň halkara abraý- -mertebesini öňküdenem belende götermek, halkymyzy has bolelin, asuda, abadan durmuşda ýaşatmak üçin amala aşyrylýan işler bizi begendirýär, guwandyrýar.

Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda hormatly Prezidentimiz ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler hakda giňişleýin gürrüň etdi, dürli pudaklarda ýerine ýetirilmeli işlere ünsi çekdi.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde halkymyz agzybirligi, asudalygy, jebisligi ýaran edinip, uly üstünlikleri gazandy. Nesip bolsa, halkymyz geljek ýyllarda-da mähriban Arkadagymyzyň daşynda berk jebisleşip, Watanymyzyň abraýyny has-da ar şa göterjek işleri amala aşyrar.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda bolup geçen Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen döwletli çözgütler ýurdumyzyň raýatlarynyň bagtyýar şu gününiň we röwşen ertiriniň güwäsidir.

 

Täzegül Na­dy­ro­wa, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.