Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

Arhiw

02 OKTÝABR 2021

Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň dabaraly bellenilen günlerinde hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly täze kitabynyň elimize gowuşmagy halkymyzyň hakydasynda ebedilik orun aljak taryhy waka öwrüldi.

Akdepe etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşiginiň gallaçylary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 5940 gektar meýdanda bugdaý ekmegi, ondan geljek ýylda 15 müň tonna galla ýygnamagy maksat edinýärler.

Türkmen oba hojalyk institutynyň mejlisler zalynda Türkmen oba hojalyk institutynyň agrosenagat işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşi bilen bilelikde guramagynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli aýdym-sazly duşuşyk geçirildi.

Garaşsyzlyk — baky bagtdan ýeten ajaýyp peşgeş. Üç onýyllyk mundan ozal şöhratly pederlerimiziň arzuwlan döwlet Garaşsyzlygy bize özbaşdak ösüş ýolumyzy saýlap almaga, ykdysadyýeti ösdürmegiň özboluşly türkmen nusgasynyň binýadyny goýmaga ýardam berdi.

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 8-nji mart daýhan birleşigi etrapda iri gallaçylyk hojalyklarynyň biri hökmünde tanalýar. Hojalykda güýzlük bugdaýy ýetişdirmekde baý iş tejribesini toplan gallaçy kärendeçiler barmak basyp sanardan kän.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döw ründe hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary netijesinde ýurdumyz günsaýyn ösüşlerden-ösüşlere eýe bolýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşuly neslimize uly hormat-sarpa goýulýar. Ata Watanymyzda her bir tutumly iş ýaşulularymyz bilen maslahatlaşylyp alnyp barylýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň daýhanlara edýän taýsyz tagallalarynyň netijesinde etrabymyzyň edermen daýhanlary güneşli Diýarymyzyň bereketli topragyna bar yhlasyny, alyn derini, gujurgaýratyny siňdirip tutanýerli zähmet çekýärler.

Türkmen halky döwletli işiň düýbüni tutmazdan ozal hemmelere bähbitli boljak möhüm maslahaty geçirmegi adaty däbe öwürdi. Munuň şeýledigine ajaýyp taryhymyz güwä geçýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkiýe Respublikasynda «Ýerli düşünce» we «Istanbool Today», Awstriya Respublikasynda «Galkynysh», Hindistanda «Business Central Asia» hem-de Pakistanda «The Diplomatic Insight» žurnallarynyň owadan bezelen

Agyz-burun örtüklerini dakynmak we kesgitlenen howpsuz ara-çägi saklamak, howadaky zyýanly tozan bölejiklerinden goranmakda örän ähmiýetlidir. Lukmançylyk agyz-burun örtügi kesel döredijileriň we tozan bölejikleriniň bedene düşmegine päsgelçilik berýär.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.